TALIBAN JEMGYÝETÇILIK SAGLYGYNDA GAZANYLAN ÖSÜŞLERE ZYÝAN EDERMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

taliban we saglykTalibanyň Kabuldaky ýeňşi Owganystanda enäniň we çaganyň ömrüni uzaltmakda ýetilen ösüşlere howp salyp biler. Çaklamalara görä, 2003-2015 ýyllar aralygynda Owganystanda çaga ölümçiligi 29% azaldy; ýene bir çaklama görä, 2005-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli çaga dogumynda ölýän eneleriň sany takmynan 50% azaldy. Bu ösüşiň köp dürli sebäpleriniň biri hem ABŞ-nyň Owganystana barmagy boldy. Owganystanyň saglyk ulgamlary ugrundan ylmy iş alyp barýan John Hopkins professory Gilbert Burnham jemgyýetçilik saglygynda gazanylan üstünlikleri saklap galmagyň nä derejede mümkindigini soraglaýar: "Eger aýallara saglyk we iş taýdan çäklendirmeler goýlup başlansa we saglyk maksatnamalaryna ideologiýa aralaşsa, ýagdaýlar erbetleşip biler".

Şeýle-de, BSGG Owganystanyň häzirki wagtda ençeme saglyk meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berýär:

↪ Ýurduň 38 million ilatynyň diňe 2%-i COVID-19 waksinasynyň iň azyndan ýeke dozasyny aldy.

↪ Soňky krizis başlamanka 8.5 million adam ynsanperwer kömege mätäçlikde ýaşaýardy.

Häzirki wagtda ýurtda BSGG-nyň diňe birnäçe güne ýetjek lukmançylyk serişdeleri galdy. BSGG Owganystana 500 metrika tonna lukmançylyk serişdelerini ibermek üçin Taliban bilen gürrüňdeşlik geçirýär.

Surat

  • 968 gezek okalan