JYNSY ZORLUGYŇ BEÝNÄ TÄSIRI WE NÄME ÜÇIN POLISIÝA IŞGÄRLERI MUNY BILMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Jynsy zorlanmajyn zor beyni sezewar bolan adamlar polisiýa işgärleri bilen edilýän aragatnaşyklaryň örän ýiti we rehimsiz bolup, zorlugyň ýarasynyň üstüne duz sepýändigini aýdýarlar. Zorlanandygyň barada polisiýa habar bermek örän agyr düşýär, esasanam pidanyň ähli zady tiz ýadyna salyp bilmeýändigi üçin polisiýa oňa şübhelenende pidanyň ýüki has hem agralýar.

Emma jenaýatçylyk hukugynyň hünärmenleri polisiýa işgärleriniň zorlugyň pidalaryna has rehimli çemeleşip, olara özlerini günäli ýa-da ynamsyz duýdurmagyň öňüni alyp biljekdiklerini aýdýarlar. Munuň üçin zorlanmadan soňra beýnide nämäniň bolup geçýändigine has içgin düşünmeli. Trawma bilen ýadyň arabaglanyşygyny öwrenýän alymlar jynsy zorlugyň – şol sanda beýleki trawmalaryň – pidalaryna bolup geçen zatlary doly ýada salmagyň kyndygyny belleýärler. Meselem, olar wakanyň diňe belli-belli ýerlerini ýatlap bilerler ýa-da bolan zatlary nädogry tertipde ýatlap bilerler. Çünki howpa uçran beýni diňe uruşmak, gaçmak ýa-da doňmak bilen bolýar. Beýniniň logikany ulanyp karar berýän bölegi erkini ýitirip, howpa gözegçilik edýän bölegi oýanýar. Bu ýagdaýda köp adamyň aňy olaryň fiziki bedenlerinden daşlaşyp bilýär. Haçanda hukuk goraýjy işgärler trawmanyň beýnä ýetirýän täsirinden bihabar bolsalar we bu ugurdan tejribesiz bolsalar, onda olar wakalary doly we dogry ýatlap bilmeýän pidalara ynamsyzlyk bildirip bilerler.

Ulanylan surat

  • 1094 gezek okalan