GYRGYZ ÝETGINJEKLERI PSIHIKI GOLDAWA MÄTÄÇ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

gyrgyz yetginjekleriHäzirki wagtda ýetginjekleriň sany iň ýokary derejä ýetip, olar dünýäniň ilatynyň altydan birini tutýarlar. Bu ýetginjekleriň 90% golaýy pes we orta girdejili ýurtlarda ýaşaýar.

Gyrgyzystanyň ilatynyň ýarysyndan gowragyny 25 ýaşdan kiçiler bolup, ýetginjekler ýurduň ilatynyň bäşden birini düzýär. Pandemiýa döwründe berk hereket çäklendirmeleri (lokdaun) we mekdepleriň ýapylmagy bilen, ýurtda ýetginjekleriň janyna kast etmegi esasy meselä öwrüldi. Ýetginjeklere gönükdirilen hyzmatlaryň ýoklugy we bu ýagdaýyň biabraýçylyk hasaplanmagy sebäpli ýetginjekleriň beýle meselelerden özleri baş alyp çykmaly bolýarlar. Ulularda psihiki bozulmalaryň takmynan 40% -iniň ýetginjeklikde başlanýandygyny göz öňünde tutup, jemgyýetçilik saglygyny goraýyş hünärmenleriniň bu meselä düýpli üns bermegi möhümdir. Ýetginjekleri terbiýelemek bitewi we şahsy jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýär. Olara gerekli ýolbaşçylyk ukyplary öwredilmeli we jemgyýetde orunlary güýçlendirilmeli. Ýetginjekleriň durmuşa, saglyga we goralmaga bolan hukuklaryndan başga-da, olaryň saglygyna maýa goýmagyň tutuş ilatyň saglygynda, parahatçylygynda we ösüşinde peýdalary uludyr.

Makalanyň awtory – Wenera Urbaewa (jemgyýetçilik saglygy we çagalary goramak boýunça geňeşçi. UNC Gillings School of Global Public Health-iň jemgyýetçilik saglygy we UN University for Peace-iň halkara hukugy we adam hukuklary hünärleriniň magistri, Rotary Peace-iň uçurumy.

Çeşme

  • 971 gezek okalan