MEKSIKANYŇ WERAKRUZ ŞTATY ABORTA RUGSAT BERER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

meksika aborta rugsatWerakruz Meksikanyň aborty jenaýat hasap etmeýän dördünji ştaty bolar. Ýurtda Rim Katolikleriniň agdyklygy zerarly abort tabu hasaplanylýar we bu meselede esasan din hökmürowanlyk edýär.

Aborty kanunylaşdyrýan karar 25-13 ses we 1 sany saklanan ses bilen iýulda kabul edildi. Werakruz indi Meksika Siti, Oaksaka we Hidalgo bilen bir hatarda aýallara göwreliligiň 12 hepdesine çenli abort etdirmäge hukuk berer. 

Şeýle hem, Werakruz Meksikada rugsatsyz abort eden aýallary tussag etmeýän ýeke-täk ştat bolar. Ýurduň beýleki ýerlerinde aýallar abort etdirenligi zerarly türmä basylyp bilinýär. Abort kanunlarynda üýtgeşmeleriň geçirilmegini soňky döwürde adamlaryň garaýyşlarynyň we pikirleriniň döwrebaplaşmagy bilen baglanyşdyrmak bolar. Emma, ýurtda köp adam entegem abortyň ahlaksyzlykdygyna ynanýar.

Argentinanyň dekabrda aborty kanunylaşdyrmagy, Günorta Amerika üçin täze öwrülişik boldy. Şeýle-de bolsa, Latyn Amerikanyň 20-den gowrak ýurdy henizem aborty düýbünden gadagan edýär. El Salwadorda abort etdiren aýallar 40 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilýär.

Çeşme

  • 736 gezek okalan