TEHAS ABORTY GADAGAN ETDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tehas abort gadaganABŞ-nyň Ýokary Kazyýeti abort hyzmatyny üpjün edijileriň gyssagly şikaýatyna jogap bermänsoň, Tehas ştatynda göwreliligiň 6-njy hepdesinden aborty gadagan edýän kanun Sentýabrdan güýje girdi.

Netijeler:

↪ Bu kanun ýurtda abortyň iň berk kanunlaryndan biri hasaplanýar.

↪ Aborty üpjün edijileriň aýtmagyna görä, kanun ştatda edilýän abortlaryň 85%-ine täsir eder. 6 hepdede köpler göwrelidigini bilmeýärlerem.

↪ Täze kanun Roe v. Wade dawasyndan, 1973-nji ýyldaky Ýokary Kazyýetiň aborty kanunlaşdyrmak baradaky kararyndan üstün çykdy. Has takygy, kanun düwünçekde ýürek urgy başlan badyna abort etmäge kömek eden islendik adamy suda bermek ygtyýaryny döwletiň elinden özbaşdak raýatlaryň eline geçirdi.

Indiki ädim:

Ýurduň Ýokary Kazyýeti Tehasyň çykaran bu kararyna päsgel bermäge hakly bolsa-da, abort edýän klinikalaryň köpüsi üçin eýýäm giç bolup biler:

↪ Kanun hassahanalarda näsaglaryň sanyny ep-esli azaldar we käbirleriniň ýapylmagyna getirer.

↪ Klinikalara berilýän ynsanperwer kömekler azalar. Sebäbi abort etdirmäge goşulyşanlygy zerarly donorlar, aýala kömek berenler jogapkärçilik çekip bilerler.

↪ Kazyýet jogapkärçiligine çekilen klinikalar ýapylyp bilner.

Sitata: "Bu kanunyň güýje girmegine ýol bermegiň özi hem Tehasda abortyň soňuna çykyp biler" – Leah Litman, Miçigan Uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň dosenti.

  • 805 gezek okalan