TALIBANYŇ NEŞEKEŞLIGE GARŞY ÝOWUZ SÖWEŞI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

taliban nesekeslige garsyTaliban Owganystandaky neşe serişdelerini ulanyjylary güýç bilen Kabulyň köçelerinden ýygnap, ýowuz reabilitasiýa merkezlerine ýerleşdirýär. AP neşirinde çap edilen suratlarda ýurduň içinde öndürilýän geroine we metamfetamine garaşly 150 töweregi adamyň goşlarynyň ýakylyşy we gynalyp, bejeriş merkezlerine äkidilişi görkezilýär. Beýle adamlar 45 günlük bejergi programmasyna gatnaşdyrylýar. Bu programmada buprenorfin ýa-da metadon ýaly, garaşlylygyň standart bejergileri ulanylmaýar.

Talibanyň indiki maksady ýurtda dünýädäki geroiniň agramly bölegini öndürýän tirýek fermerlerini ele salmak. Owganystan dünýäde metamfetamin öndürmekde hem ilkinji orunlarda durýar we bu sebäpli ýurtda bu serişdä garaşlylyk örän uly.

  • 818 gezek okalan