AZ NATRIÝLI DUZ IÝMEK ÖLÜMDEN HALAS EDIP BILER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

az natriyli duz iymekBu ýyl artykmaç kabul edilen duz bütin dünýäde 1.6 million ölüme sebäp bolar. Bu ölümleriň 5-den 4-si pes we orta-girdejili ýurtlarda bolup geçer we pidalaryň takmynan ýarysy 70 ýaşdan kiçi adamlar bolar.

Köp ýurtda BSGG-nyň maslahat berýän gündelik 5 gramyndan has artyk duz kabul edilýär. Dünýäde adam başyna günlük ortaça kabul edilýän duz bolsa 10.1 grama barabar.

Emma, artykmaç duz zerarly ölümleriň öňüni almak mümkin. Täze ylmy-barlaga görä, düzüminde az natriý saklaýan duzlar natriýniň kabul edilmesini azaldyp, ölümleriň öňüni alyp biler. Az natriýli duzlarda natriýniň käbir bölegine derek kaliý ulanylýar. Bu görnüşli duzlaryň düzüminde 25% az natriý bolup, tagamy adaty duzuňkydan tapawutlanmaýar we ony edil adaty duz ýaly aşhanada ulanyp bolýar.

  • 816 gezek okalan