ASPIRINIŇ INFARKTDAN GORAÝJYLYK ÄHMIÝETI AZALÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

aspirinin az ahmiyetiÝakynda ABŞ-da täzelenen saglyk maslsahatlaryna görä: Ýürek keselleri bolmadyk gartaşan adamlar ilkinji infarktyň ýa-da insultyň (beýnä gan inme) öňüni almak üçin gündelik, az dozaly aspirin kabul etmeli däl.

Ozal infarkty ýa-da insulty başdan geçirmedik, 60 ýaşly we ondan uly ýaşly adamlara aspiriniň salýan ganama töwekgelçiligi onuň hödürläp biljek peýdalaryndan has uludyr.

Hiç hili ganama töwekgelçiligi bolmadyk, 40 ýaşynyň içindäki adamlara aspirin biraz peýda berip biler. Emma, onuň 50 ýaşa girenlere peýda berýändigi barada deliller has näbelli.

↪ Aspirini yzygiderli kabul etmek esasy kimlere maslahat berilýär:

↪ Gan basyşy ýokary adamlara;

↪ Holesterini ýokary adamlara;

↪ Semizlikden ejir çekýänlere we

↪ insultyň ýa-da infarktyň ýüze çykma ähtimallygyny ýokarlandyrýan beýleki saglyk näsazlyklaryndan ejir çekýänlere.

Ýaşyna garamazdan, her bir adam aspirin atyp başlamazdan ýa-da atmagy bes etmezden öňürti, munuň dogry karardygyna güwä geçmek üçin lukman bilen maslahatlaşmaly. Ýogsa, ýaşyň gitdigiçe aspirin ýaramaz zyýanlara we töwekgelçiliklere sebäp bolup bilýär.

  • 772 gezek okalan