BOLSONARONYŇ GENOSIDDE AÝYPLANMAGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

prezident genosidBraziliýanyň prezidenti Jair Bolsonaronyň pandemiýa jogap berşini derňeýän senatorlar ony köp sanly adam öldürmekde we genosidde aýyplamakdan yza çekilip, adamzada garşy jenaýat etmekde aýyplamak meýline düşene meňzeýärler. Senatyň 1,200 sahypalyk hasabatynda Bolsonaronyň kararlarynyň 300,000+ ölüme, ýagny ýurtda COVID-19 ölümleriniň ýarysyna sebäp bolandygy bellenilýär. Bu hasabat senata hödürleneninden bir hepde soňra ses berlişik geçmeli. Ondan soňra, baş prokuroryň höküm çykarmasy üçin 30 gün berilýär.

Prezidentiň genosidde aýyplanmagy lukmançylyk kislorodynyň üpjün edilmedik ýeri bolan Amazondaky ýerli ýaşaýjylaryň köp sanlysynyň ölmegi bilen baglanyşdyrylýar. Şeýle-de, Bolsonaro uzak wagtlap COVID-19-a çynlakaý garaman gezdi we koronawirusa täsir etmeýändigi anyklanan gidroksihlorohini alkyşlady. "Olar meni genosidde aýyplamak isleýärler. Maňa aýdyň, haýsy ýurtda adam ölmedi? Bu senat ynamdar däl" diýip, geçen ýyl COVID-19 bilen kesellän Bolsonaro belleýär.

  • 893 gezek okalan