SAGLYK 11 ÝAŞADY!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

sagkyk 11 yasady

Mähriban okyjy, Saglyk ýene bir ýyly üstünlik bilen arka atdy. Pandemiýanyň bu ýyly hem geçen ýyldan agyr bolmasa, ýeňil bolmady. Ençeme begençli wakalar bilen bilelikde gynançlylary hem az bolmady. Eger ýakynlaryňdan ýa-da tanyşlaryňdan COVID-19 pidasy bolanlar bar bolsa, çuňňur gynanjymyzy bildirýäris. Ýitiren ýakynlarymyzyň ählisiniň ýatan ýerleri ýagty bolsun! Ýylyň nähili geçendigine garamazdan, bu gün seni sag-salamat görmek bizi diýseň begendirýär.

Saglygy ýyl-ýyldan ulaldýandygyň we ösdürýändigiň üçin saňa çyn ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Seniň soraglaryň, teswirleriň we ynamyň bize has-da köp zähmet çekmäge ylham berýär. Biz ýeke öwrenmeýäris we ýeke döretmeýäris. Biz muny seniň bilen bilelikde edýäris, ýagny birek-birekden öwrenýäris. Bilelikde özümiziň, maşgalamyzyň, jemgyýetimiziň we daşky gurşawymyzyň saglyk ýagdaýyny öwrenýäris, ony gorap saklamaga we çylşyrymly meselelerine çözgüt tapmaga çalyşýarys.

Jemgyýetiň abadançylygy ondaky adamlaryň saglygy we saglyk sowatlylygy bilen berk baglanyşykly bolýar. Ol sowatlylygyň artmagynda hem jemgyýetiň her bir agzasynyň möhüm orny bar. Saglyk sowatlylygyňy artdyrmak bilen sen diňe özüň däl, eýsem töweregiňdäkileriň we nesilleriň hem durmuş hilini gowulaşdyrmaga we gözýetimlerini giňeltmäge goşant goşýarsyň.

Biz saňa saglyk sowatlylygyňy artdyrmak we konstruktiw pikir alyşmak üçin rahat giňişlik döretmäge ymtylýarys. Saglygy Instagramda, Facebookda, Twitterde, VK-da, IMO-da, gorumyzdaky ähli materiallary bolsa, saýtymyzda tapyp bilersiň.

Biz seniň pikirleriň gymmatyna we güýjüne ynanýarys we olary medeniýetli hem-de konstruktiw şekilde paýlaşmaga çagyrýarys.

Gel, birek-birekden öwrenip we birek-biregi ösdürip, bütin jemgyýetimiziň öňe gitmegine goşant goşmagymyzy dowam edeli!

"Doglan günüňe näme sowgat edeýin?" diýýäňmi? Öwren we Paýlaş! Teklipleriňi we teswirleriňi ýolla! Biziň bilen gal!

Saglygyňy arzuwlamak bilen,
Saglyk redaksiýasy

  • 951 gezek okalan