MAÝYLGANLYGYŇ GÖWRELILIGE SALÝAN AGRAMY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

gowrelilik we mayylganlykGöwrelilik döwründe galapyn tomus aýlarynda bolup geçýän ýylylyk tolkunlaryna sezewar bolmak zyýanlydyr.

Saglygy goraýyş işgärleri aşa ýylylygyň gartaşanlara we bäbeklere howpludygyna onlarça ýyl öň düşündiler. 2010-njy ýylda, Kaliforniýada geçirilen barlag her artykmaç 10 dereje ýylylyk zerarly çaganyň wagtyndan öň dogulma töwekgelçiliginiň 8% artýandygyny görkezdi. Beýleki barlaglar ýylylygyň başga-da zeperlerini öwrendiler.

Howanyň barha gyzmagy bilen, ýylylyk tolkunlarynyň örän ýygylaşmagyna garaşylýar. Howa ~ 2.7˚ gradus maýlasa, 50 ýylda 1 gezek gaýtalanýan ýylylyk tolkunlary 27 gezek köp ýüze çykyp biler.

Göwreliligiň 37-nji hepdesinden öň doglan bäbeklerde ýürek, dem alyş ýa-da ösüş meseleleriniň döreme töwekgelçiligi ýokary bolup, käbirleri çaganyň bütin ömrüne dowam edip bilýär. Ýylylyk tolkunyna we howa hapalanmasyna sezewar bolmak çaganyň öli we pes agramly dogulma töwekgelçiligi bilen baglanyşdyrylýar.

Iýulda Amerikan akuşerler we ginekologlar kolleji lukmanlar üçin ýylylyk we daşky gurşaw töwekgelçiligi barada täze kliniki goldanmany çap etdi. Goldanmada "howanyň üýtgemegi aýallaryň saglygynyň gaýragoýulmasyz meselesi we jemgyýetiň saglygynyň esasy problemasy" diýlip bellenilýär.

Çeşme: NPR

  • 1006 gezek okalan