ÖÝDÄKI ZORLUK WE HINDI AÝALLARYNYŇ SAGLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

oydaki zorluk we hindi ayallaryBütin dünýäde 3 aýaldan biri öýdäki zorluga sezewar bolýar. Bu hut Hindistanda hem şeýle, emma zorlugyň aýallaryň saglygyna ýetirýän täsirini öwrenmekde örän az ylmy barlag geçirildi. Olaryň biri hem Hindistanda ýanýoldaşyň tarapyndan zorlanmanyň dürli derejelerine we durmuşa çykan aýallarda fiziki, jynsy we emosional zorlugyň arabaglanyşygyna seredip geçýär. Şeýle-de, bu barlag işi ýanýoldaşy tarapyndan zorlanylan aýallaryň saglygyna ýetýän zyýanlary hem derňeýär.

Netijeler:

↪ Hindistanda durmuşa çykan aýallaryň 29.8%-i fiziki zorluga, 13.8%-i jynsy zorluga we 7%-i emosional zorluga sezewar bolýar.

↪ Ýanýoldaşlarynyň fiziki we jynsy zorlugyna duçar bolýan aýallarda islenilmedik göwrelilik, abort, çaga aýrylmasy we göwreliligiň togtadylmasy has köp ýüze çykýar.

↪ Jynsy zorlanma duçar bolýan aýallarda jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň döreme ähtimallygy 77%, emosional zorluga duçar bolýan aýallarda bu ähtimallyk 44%.

↪ Jynsy zorluga duçar bolmak çaga dogrumynyň uzak dowam etme howpuny hem artdyrýar.

  • 1061 gezek okalan