"ÖZ JANYŇYZY HALAS EDIŇ, MEN ÖLSEM ÖLEÝIN"

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

oz janynyzy halas edin men olsem oleyinKonfliktler we gazaply hüjümler ýüze çykanda, maýyplygy bolan adamlar köplenç maşgala agzalaryna "özüňizi halas ediň" diýerler.

Borno Ştatynda ýaşaýan, hereket etme kynçylygy bolan bir aýal Boko Haram hüjüminiň dowamynda erkek doganlaryny ýitirdi; olar aýal doganlaryny göterjek bolup durkalar öldürilýärler. Bu wakany Nigeriýanyň inklýuziw maýyplyk ugrunda işleýän CBM International guramasynyň wekili Dawid Sobo gürrüň berýär.

Mejbury göçüşlige gözegçilik edýän halkara merkeziň (IDMC) hasabatyna görä:

↪ 7 milliona golaý maýyplygy bolan adam mejbury göçürilmä sezewar bolupdyr, emma maglumatlardaky kemçilikler sebäpli hakyky sanlar syr bolup galýar.

↪ Duýduryşlaryň we kömekçi enjamlaryň ýetmezçiligi maýyplygy bolan adamlaryň zulumdan gaçmagyny kynlaşdyrýar.

↪ Konfliktleriň dowamynda partlaýjy minalara, gynamalara, jynsy zorluklara, we beýleki trawma galdyryjy ýagdaýlara sezewar bolmak mejbury göçürilýän adamlaryň arasynda täze maýyplyklaryň döremegine getirip biler.

Klimatyň üýtgemegi hem maýyplygy bolan adamlara howp salýar. Tebigy betbagtçylyklaryň dowamynda global ölümçiligiň derejesi 4 esse artýar.

Tebigy betbagtçylyklar lukmançylyk serişdeleriniň üpjünçiligine zyýan berýärler, emma inklýuziw meýilnamalaryň, elýeterli maglumatlaryň, öňünden duýduryjy ulgamlaryň we transportyň kemçiligi hem-de diskriminirleýji garaýyşlar hem rol oýnaýar.

  • 784 gezek okalan