ÇAGALARYŇ SAGLYGYNY WE HUKUKLARYNY GORAMAKDA YZA GIDIŞLIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

caga saglygy yza gidislikBu pandemiýa ÝUNISEF-iň taryhynda çagalar üçin iň uly global krizis bolup, 100 million çagany garyplyga düşürdi we olaryň saglygynda, biliminde, iýmitlenmeginde, goralmagynda we psihiki abadanlygynda gazanylmaly ösüşleri has yza tesdirdi.

"Biz öňe gitmeli ýylymyzda yza gidýäris” diýip, ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji müdiri Henrietta Fore aýtdy. Täze hasabatda, ÝUNISEF pandemiýanyň çagalara beren zyýanlaryny sanap geçýär:

↪ 2020-nji ýylda 23 milliondan köp çaga esasy waksinalary alyp bilmedi. Bu soňky 10 ýyl bäri iň uly görkeziji boldy.

↪ Ýurtlaryň 93 göteriminde psihiki saglyk hyzmatlary duruzyldy ýa-da bozuldy.

↪ 2030-njy ýyla çenli 10 milliona golaý çaga nikalaşmalary ýüze çykyp biler.

↪ Soňky 4 ýylyň içinde çagalaryň 8.4 milliony çaga zähmetine sezewar edildi.

↪ 1 milliard çaga (dünýä çagalarynyň ýarysy diýen ýaly) klimatyň üýtgemeginiň aşa uly howp salýan ýurtlarynda ýaşaýar.

Hatda iň gowy şertlerde hem, çaga garyplygynyň COVID-den öňki derejelerine baryp ýetmek üçin 7-8 ýyl gerek bolar. 10 ýyllyk ýitginiň öňüni almak üçin, maýa goýumlarynda çagalaryň zerurlyklaryny ilkinji orunda goýmaly bolarys. Hasabatda berilýän maslahatlar:

↪ Ilkinji saglygy goraýyş sanitariýa hyzmatlaryny köpeltmeli;

↪ Milli çaga waksinasiýalaryny ýerlikli we wagtynda alyp barmaly;

↪ Başlangyç bilimden öňki bilime has köp goldaw bermeli;

↪ Çagalaryň hukuklaryny we zerurlyklaryny klimat we daşky gurşaw kanunlarynyň merkezinde goýmaly.

  • 751 gezek okalan