GAÝTADAN IŞLENILEN ET ÖNÜMLERI AŞGAZANASTY MÄZINIŇ DÜWNÜK KESELINE UÇRAMAK HOWPUNY ARTDYRÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (8 Ses)

Şwed alymlary gaýtadan işlenen et önümleri (mysal üçin, kakadylan doňuz eti ýa-da büzmeçeler)  bilen aşgazanasty mäzinde düwnük keseliniň döremeginiň arasynda baglanyşygyň bardygyny ýüze çykardylar.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde günüň dowamynda gaýtadan işlenilen et önümleriniň bellenilen mukdaryndan artyk 50 gramynyň iýilmegi bu kesele ýolukmak howpuny 19%, artyk 100 gramynyň iýilmegi bolsa 38%-e çenli ýokarlandyryp bilýändigi mälim boldy.

Gaýtadan işlenilen et önümlerini gündelik kadalaýyk mukdaryndan 50 gr artyk iýilmegi aşgazanasty mäziniň düwnük keseliniň döremek howpyny 19 % ýokarlandyrýar

"Et önümleriniň iýilmegi ýogyn içegäniň düwnük keseline uçradýandygy mälimdir. Emma bu önümleriň düwnük keseliniň beýleki görnüşleriniň döremegine täsir edýändigi barada köp maglumat ýok" –  diýip, Şwesiýanyň Patyşa Institutynda geçirilen ylmy-barlag işlerine ýolbaşçylyk eden professor Sýuzanna Larsson BBC teleýaýlymynda eden çykyşynda belleýär.

Professor Sýuzanna Larssonyň aýtmagyna görä, aşgazanasty mäziniň düwnük keselini onuň irki döwründe anyklamak kyn bolany üçin, bu kesel zerarly bolýan ölümçiligiň derejesi ýokarydyr. Şonuň üçin-de, gaýtadan işlenilen et önümleriniň düwnük keseline ýolukmak howpuny näderejede ýokarlandyrýandygyna düşünmek örän wajypdyr.

Geçirilen ylmy-barlag işleriniň dowamynda 11 tejribe işleriniň we aşgazanasty mäziniň düwnügine ýolugan 6643 keselliniň maglumatlary derňelip, olar British Journal of Cancer žurnalynda çap edildi.
 

Töwekgellik faktory

Britaniýanyň Cancer Research UK haýyr-sahawat gaznasynyň bellemegine görä, aşgazanasty düwnük keseline ýolukmak howpy şeýle bir uly däl. Bu kesele ömrüniň dowamynda 77 erkekden biri, 79 aýaldan biri duçar bolmagy ahmal.

"Alymlar etiň aşgazanasty mäziň düwnük keseline sebäp bolýandygyny kesgitlemäge synanyşýarlar. Muny tassyklamak üçin, goşmaça derňew işleri gerek. Soňky döwürde geçirilen ylmy işler et önümleriniň bu ýerde belli bir ornunyň bardygyny görkezýär" – diýip, Beýik Britaniýanyň Cancer Research haýyr-sahawat gaznasynyň wekili Sara Hiom aýdýar. Şunuň bilen birlikde, Sara Hiom kesele uçramak howpunyň has uly sebäbiniň çilimkeşlikdigini belleýär.

Düwnük kesellerini öwrenip, olary derňeýän Bütündünýä gaznasy gaýtadan işlenilen et önümlerini bütinleý iýmezligi maslahat berýär.

"Artykmaç agram we çendenaşa semişlik aşgazanasty mäzüniň düwnük keseliniň döremek howpuny artdyrýandygyny subut edýän maglumatlar bar. Şwed alymlarynyň geçiren ylmy-barlag işleri keseliň döremek howpunyň goşmaça sebäplerine salgylanyp biler" – diýip, bu gaznanyň başlygynyň ylym boýunça orunbasary doktor Reýçel Tomsan habar berdi.

Tomsanyň bellemegine görä, düwnük kesellerini öwrenip, olary derňeýän Bütündünýä gazna 2012-nji ýylda aşgazanasty mäziniň düwnük keseline ýolukdyrýan ýagdaýlary täzeden barlap anyklamak üçin, aýratyn ylmy-barlag işlerini geçirer.

Şonuň bilen birlikde, gaznada mal etini we gaýtadan işlenilen et önümlerini iýmek bilen içegede düwnük keseliniň döremeginiň arasynda gönüden-göni baglanyşyk bardygyna ynanýandyklaryny aýdýarlar.

"Şol sebäpl biziň guramamyz hepdede eti 500 gramdan artyk iýmezligi, gaýtadan işlenilen et önümlerini bütinleý iýmezligi maslahat berýär" – diýip, Tomsan habar berdi.

Britaniýa hökümeti 2011-nji ýylda bu önümleri günüň dowamynda 70 gramdan artyk iýmezligi maslahat berdi.

Ulanylan WEB Salgy

  • 3266 gezek okalan