ÖZBEGISTANDA AIW-IŇ ÖŇÜNI ALYŞ HYZMATLARY GÜÝÇLENDIRILER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

ishonch va hayot2021-nji ýylda AFEW International ilatyň AIW ýokuşma töwekgelçilikli toparlaryny öz içine alýan "ISHONCH VA HAYOT" jemgyýetçilik guramasy bilen hyzmatdaşlykda "Özbegistanda AIW-iň öňüni alyş hyzmatlaryny giňeltmek we gowulandyrmak" atly 2 ýyllyk taslama başlady.

Bu taslama ilatyň AIW ýokuşma töwekgelçilikli toparlarynyň jemlenen ýeri bolan – Özbegistanyň paýtagty Taşkentde amala aşyrylýar. Taslama töwekgelçilikli toparlaryň AIW barlaglaryny we degişli hyzmatlary almakda ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçiliklerini aýrar hem-de Taşkendiň kabul eden Pariž Deklarasiýasyndaky jogapkärçilikleriň ýerine ýetirilmegine saldamly goşant goşar. Jemgyýetçilik guramasynyň tiz AIW barlagyny geçirmegi we müşderilere lukmançylyk edarasyna ýüz tutmaga ýardam edilmegi bilen, müşderiler ARW (antiretrowirus) terapiýasyna öz wagtynda başlap bilerler.

Şeýle hem, bu taslama AFEW International-yň esasy hyzmatdaşy "ISHONCH VA HAYOT" jemgyýetçilik guramasynyň zerurlyklaryna baglylykda, oýlanyşykly meýilleşdirilen programmanyň kömegi bilen guramanyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Taslamanyň alyp barýan işleri:

↪ Autriç-işgärlere (müşderileriň ýanyna baryp ýardam we goldaw berýänler) özbaşdak barlag geçirmek endiklerini öwretmek we olara AIW-iň öňüni almak barada umumy maglumatlary bermek;

↪ Autriç-işgärleriň we geňeşçileriň iş hiline baha bermek üçin gözegçilik ulgamyny döretmek;

↪ Pasiýentlere ideg edilişini gowulandyrmak üçin AIDS merkeziniň şepagat uýalary bilen arkalaşygy güýçlendirmek;

↪ Taşkent şäherinde ilatyň töwekgelçilikli toparlary üçin özbaşdak barlaglary gurnamak we AIW pozitiw çykan adamlary AIDS merkezine ugratmak;

↪ Öň AIW pozitiw bolan, AIDS merkezinde hasaba alnan, ýöne ART (antiretrowirus terapiýasy) we barlaga gelmedik adamlary bejergi almaga çagyrmak üçin AIDS merkezi bilen autriç-işgärleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmek;

↪ Ilatyň töwekgelçilikli toparlaryna psihososial we hukuk goldawyny bermek, şeýle hem olary ART bejergisine höweslendirmek üçin synaglyk sosial goldaw merkezini döretmek.

2021-nji ýylyň 28-30-njy sentýabrynda Taşkentde, autriç-işgärlere "Ilatyň töwekgelçilikli toparlarynyň arasynda özbaşdak AIW barlagyny geçirmegi ornaşdyrmak" atly ilkinji okuw sapagy geçirildi. Sapak ekspres (tiz) barlag ulgamyny ulanmagy we müşderilere gözegçilik etmegi öwretdi. Bu okuw sapagyndan soň, autriç-işgärler müşderilere AIW barlagy barada ýokary hilli maslahat bermäge we AIW pozitiw çykan adamlary AIDS merkezine ýa degişli programmalara ugratmaga taýýar bolarlar. Okuw sapagynyň ýene bir maksady "ISHONCH VA HAYOT" jemgyýetçilik guramasynyň işgärlerine ilatyň töwekgelçilikli toparlary barada takyk we ygtybarly maglumatlary toplamaga kömek etmekdi.

Taslama Elton Jon AIDS-e garşy göreş gaznasynyň maliýeleşdirmeginde durmuşa geçirilýär.

Çeşme: AFEW

  • 697 gezek okalan