PESTISIDDEN ZÄHERLENMELER ARTSA-DA, OLARYŇ SATUWY AZALMAÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

pestisid satuwyAdamlary we tebigaty ölüm howpuna salýan pestisidler dünýä ýüzünde ekin-meýdanlaryna barha köp sepilýär. Pestisidler eýýäm millionlarça daýhany zäherledi. Olaryň giňden ulanylmagy ekologiýa ýetirilýän zyýanyň gözbaşynda durýar.

Oba hojalyk inženeri Sýuzan Hafmans "Ekin-meýdanlarynyň töwereginde ýaşamaýan hem bolsak, biz pestisidlere hemme ýerlerde duş gelýäris" diýýär.

Pestisidler:

↪ ýeliň üsti bilen ýüzlerçe kilometre ýaýrap, derýalara we ýerasty suwlara düşüp bilýärler;

↪ mör-möjekleri, guşlary we suw haýwanlaryny öldürip bilýärler;

↪ köplenç iýmite hem siňýärler.

Soňky geçirilen ylmy-barlaga görä, her ýyl oba-hojalygynda zähmet çekýän 385 million adam pestisidlerden ýiti zäherlenýärler. Zäherlenen işgärlerde we daýhanlarda kelle agyrylardan başlap, gaýtarmak, çaşmak, içgeçme, deride örgünler, nerw ulgamynyň bozulmalary we gowşaklyk ýaly alamatlar ýüze çykýar. Agyr ýagdaýlarda, ýüregiň, öýkeniň we böwregiň işlemesi hem togtap bilýär. Oba-hojalygynda pesitisidlerden zäherlenip, her ýyl 11,000 adam aradan çykýar.

Pestisidlerden ýiti zäherlenýän adamlaryň sany Aziýada 256 million, Afrikada 116 million we Latyn Amerikada 12.3 million. Ýewropada bu san has pes – 1.6 million adam.

Giňden ulanylýan pestisidleriň biri bolan glifosat zäherliligi bilen örän meşhurdyr. 2015-nji ýylda Halkara Rak Keselini Öwreniş Gullugy (IARC) glifosaty "kanserogen bolup biler", ýagny rak keseliniň döreme ähtimallygyny ýokarlandyryp biler diýip, kesgitledi.

Ganadaky ownuk daýhanlaryň pestisidler bilen işleýänlerinde ellik, äýnek we agyz ýa-da burun goraýjy esbaplary ulanýarlary 30%-den hem az. Efiopiýada bolsa, daýhanlaryň diňe 7%-i pestisidleri ulananlaryndan soňra ellerini ýuwmalydyklaryny bilýärler.

Girdeji saglykdan hem möhüm

Pestisid söwdasy örän düşewüntli bolýar. 2020-nji ýylda iň uly dört pestisid öndüriji kompaniýa (Syngenta, Baýer, BASF we Cortewa) 35 milliard dollarlyk pestisid satdylar. Soňky ýyllarda dünýäde pestisidleriň satuwy her ýylda ortaça 4% ösdi.

Şeýle ýaramaz täsirlerine garamazdan, Bayer we beýleki kompaniýalar örän zäherli pestisidleri, şol sanda howplulygy sebäpli Ýewropa Bileleşiginde gadagan pestisidleri hem satmagyny dowam edýärler.

Çeşme: Deutsche Welle, Pestisidleriň Atlasy (nemesçe)

  • 941 gezek okalan