4-NJI FEWRAL - DÜWNÜK KESELINE GARŞY BÜTINDÜNÝÄ GÖREŞ GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy her ýylyň 4-nji fewralyny düwnük keseline garşy Bütindünýä göreş güni diýip yglan etdi. Bu günüň bellenmeginiň esasy maksady elhenç kesel bolan düwnük barada jemgyýetiň düşünjesini artdyrmak, bu keseliň öňüni alyş çärelerine, ir möhletde ýüze çykarmagyň wajyplygyna, bejeriş usullaryna köpçüligiň ünsüni çekmekdir.

2012-nji ýylda bu gün dünýäniň ähli künjeklerinde "Bilelikde bu mümkindir" diýen şygar astynda geçirilýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, degerli çäreleriň geçirilmedik ýagdaýynda 2005 – 2015-nji ýyllar aralygynda howply täze döremelerinden, şol sanda düwnük keselinden 84 million adamyň heläk bolmagy ahmal. Howply täze döremeler – 100-den gowrak keselleriň umumy ady bolup, islendik beden agzalarynda döräp biler. Düwnük keseli hem şol topara degişli bolup, öz görnüşleri boýunça dürli-dürlüdir. Howply döremeler ýeke-täk öýjükden emele gelýär. Öýjük birden bedeniň gözegçiliginden çykyp, çensiz, päsgelçiliksiz bölünip köpelip başlaýar. Şeýlelikde öýjükleriň kadasyz, çalt köpelmegi çişi emele getirýär. Düwnük öýjükleriniň biologiki häsiýeti boýunça sagdyn öýjüklerden kän tapawutlanmaýanlygy hem-de doly ösüş tapgyryny geçmändigi sebäpli bejergi kynlaşýar. Olar derman serişdelerine durnukly bolýar. Olaryň goraýyş mehanizmi bolsa bedeniň immun ulgamynyň gözegçiliginden çykmaga başarýar. Adaty öýjügiň howply döremelere öwrülmegi birnäçe tapgyrlardan ybaratdyr. Ilkibaşda çiş emele gelmek howpy döräp, soňra kesel ösüp başlaýar. Bu özgerişlikler adamyň genetiki faktorlarynyň we daşky gurşawyň ýaramaz täsiriniň özara gatnaşygy esasynda bolup geçýärler. Düwnüge mahsus alamatlaryň biri-de, kadaly bolmadyk (atipiki) öýjükleriň örän çalt köpelmegidir. Olar öz adaty çäginiň daşyna ösüp, töweregindäki beden agzalarynyň dokumalaryna geçip, başga beden agzalaryna ýaýramaga ukyplydyr.  

Düwnük keselini döredýän esasy töwekgellik toparyna temmäki, alkogol içgileri, ýaramaz iýmit, uzaga çekýän nerw dartgynlylygy, B we C gepatitler, adamyň papillomawirus ýokançlyklarynyň käbir görnüşleriniň täsiri, ötüşen ýokançlyklar we başga faktorlar girýär.

Onkologiki keseliň öňüni almagyň birnäçe ugurlary badyr. Ilki bilen kanserogenleriň (howply täze döremelere getirýän käbir maddalar) düwnük keseline ýolukdyrmaz  ýaly, bedeniniň kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmaly. Mundan başga-da,  düwnüge getirýän keselleri bejermeli. Düýpli bejergiden soň keseliň gaýtalanmazlygy üçin degişli çäreleri görmeli.

Häzirki wagtda bagyrda düwnük keselini döredýän gepatit B ýokançlygyna, ýatgynyň boýunjygynda howply çişiň emele gelmegine sebäp bolýan adam papiloma ýokançlygyna garşy waksina sanjylýar. Onkologiýa keselçiligi adam üçin mydama uly betbagtçylykdyr. Emma hünärmenleriň aýtmagyna görä, biziň döwrümizde keseliň döremeginiň käbir sebäplerini anyklap bolýar. Hünärmenler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilen ýagdaýlarda täze howply döremeleriň 40% -iň öňüni alyp bolýar diýip hasaplaýarlar.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýönekeý, ýöne juda wajyp düzgünleri howply täze döremeleriň ýüze çykyş töwekgelligini peseldip biler:

  • Çilimkeşlige garşy göreşmek. Çagalary çilimiň tüssesiniň täsirinden, ony çekmekden goramak;
  • Spirtli içgileri köp içmezlik;
  • Fiziki işjeňligi artdyrmak;
  • Ýokumly sagdyn iýmit. Gerekli derejede gök önümleri, miweleri we däne ösümliklerini iýmitde ulanmak. Ýaglary ulanmagy çäklendirmek. Bedeni artykmaç semizlikden goramak;
  • Düwnük keseliniň döremegine sebäp bolýan käbir ýokançlyklardan goranmak;
  • Uzak wagtlap günüň aşagynda we solýarilerde (gün wannasyny kabul etmek üçin ýörite abzallaşdyrylan ýerde) bolmakdan saklanmak.

Şeýlelikde, sagdyn durmuşyň kadalaryny berjaý edip, keseliň öňüni alyş çärelerini sowatly geçirseň, düwnük keseline duçar bolmak töwekgelligi peseler. Keseliň irki döwründe başlanan bejergi bolsa gowy netijeleri berip, uzak ömre mümkünçilik açar. Howply täze döreme keselleriň hiç biri ýokançly däldir! Ol howa-damja ýoly bilen, jynsy gatnaşyklar arkaly, hojalyk goşlary, gap-gaçlaryň üsti bilen geçmeýär. Bu kesele duçar bolan adamlara diňe bir güýç, gaýrat, erk däl-de, töweregindäkileriň ünsi we aladasy zerurdyr.

  • 3267 gezek okalan