BRITANIÝADA GYZLYK PERDESINI DIKELDIJI OPERASIÝA GADAGAN EDILER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

gyzlyk perde gadaganBritan hökümeti gimenoplastika diýlip atlandyrylýan "gyzlyk perdesini dikeldiji" operasiýany bikanunlaşdyrmak üçin karar kabul etdi. Bu täze kanun ýurtda gyzlyk perdesini dikeltmek maksady bilen geçirilýän islendik prosedurany gadagan eder.

Birnäçe klinikalar, hususy hassahanalar we dermanhanalar bu operasiýany hödürläp gelýärler we bu operasiýa girmäge mejbur edilýän gyzlaryň we ýaş zenanlaryň sany barha artyp barýar. Operasiýada ýörite ham ulanylyp, gyz indiki gezek jynsy gatnaşyk geçireninde ganar ýaly, emeli gyzlyk perdesi goýulýar.

Geçen iýulda hökümet gyzlyk perdesiniň barlagyny bikanunlaşdyrmaga kasam edeli bäri, aktiwistler, lukmanlar we göbek eneleri perdäni dikeldiş operasiýasynyň hem gadaganlaşdyrylmagyny talap edip başladylar. Bu tejribeleriň ikisi hem aýal-gyzlara garşy zorluk hasaplanylýar.

Sitatalar:

Bu "namys goragyna" deňelýän zulumyň pidasy bolan britan zenany: "Bu kanun maşgalasy tarapyndan basyş edilýän gyzlara örän wajyp goragy üpjün eder".

Akuşerleriň we ginekologlaryň korol kolležiniň (iň. RCOG) prezidenti lukman, Edward Morris: "Gimenoplastikany hiç haçan saglyk tarapdan dogry hasaplap bolmaz. Lukmançylyk dünýäsinde bu iki tejribäniň hijisine orun ýokdur we lukmanlar bulary hiç bir ýagdaýda geçirmeli däldirler. Aýal-gyzlaryň öz seksual we reproduktiw saglygyna özleriniň eýe çykmaga haklary bolmalydyr".

Eýran we kürt aýallarynyň hukuklary guramasynyň (iň. IKWRO) ýerine ýetiriji müdiri Diana Nammi: "Beýle operasiýa girýän her bir aýal-gyz muny mejbury edýär. Muňa ony zorlap durmuşa çykarjak bolýan maşgalasynyň basyşy sebäp bolýar. Gimenoplastika edilýän gyz-gelinleriň ýarysyna golaýy indiki gezek jynsy gatnaşyk geçirenlerinde ganamaýarlar – bu bolsa olarda trawma galdyrýar ýa-da olaryň maşgala namysy zerarly zorlanmagyna, hatda öldürilmegine hem eltip bilýär".

  • 901 gezek okalan