HINDISTAN SUISIDIŇ MERKEZINE ÖWRÜLDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

India sucideLancet žurnalynda çap edilen barlag işi Hindistandaky suisidiň häzirki ýagdaýy, töwekgellik faktorlary, öňüni alyş çäreleri we esasy bökdençlikler barada habar berýär:

↪ Hindistanda aýal-gyzlaryň arasynda suisidiň derejesi dünýädäki ortaça görkezijiden iki esse ýokary bolmagyna galýar.

↪ Ýurtda 15-39 ýaşlylaryň arasyndaky ölümleriň aglabasy suisid sebäpli döreýär.

↪ Özüňi asmak suisidiň iň köp ýaýran görnüşi bolup, onuň yzyny pestisidlerden zäherlenme, çakdan aşa derman içme we özüňi otlama çekýär.

Töwekgellik faktorlary: depressiýa, alkogol ulanmak, sosial we medeni kynçylyklar.

Suisidiň netijeli öňüni almaga böwet bolýan zatlar: milli suisidiň öňüni alyş maksatnamasynyň ýoklugy, mediýada suisid barada ýerliksiz hasabatlaryň berilmegi, suisidiň jenaýat hasaplanylmagynda kanuny konfliktler, öňüni alyş çärelerine dürli pudaklaryň ýeterlik gatnaşmazlygy.

Maslahat berilýän çözgüt: Suisidiň öňüni alyş çärelerini jemgyýetçilik saglygyna degişli ähli pudaklarda ýola goýmaly we milli suisidiň öňüni alyş maksatnamasynyň çykarylmagyna we durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermeli.

  • 709 gezek okalan