GAZDA NAHAR BIŞIRMEGIŇ GIZLIN HOWPLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Tebigy gazgazda nahar bisirmek bilen işleýän plitalaryň howany öň bilinýäninden hem has beter hapalaýandygy belli boldy. Täze geçirilen barlaga görä, gaz plitalary diňe bir ýakylanda kömürturşy gazyny bölüp çykarman, eýsem öçük wagtlary hem metan gazyny syzdyrýarlar. Meselem, Amerikanyň öýlerinden bölünip çykýan metanyň täsiri ýarym million awtoulagdan çykýan zyýanly gazlaryň möçberine deňdir. Barlagda aýdylyşyna görä, gaz plitalaryndan çykýan metan gazynyň tas dörten üç bölegi plitalar öçük durka syzyp çykýar.

Gaz plitalaryndan çykýan zyýanly gazlar diňe klimata zeper ýetirmek bilen çäklenmeýärler. Olary ulanýan adamlar hem, formaldegid, bogujy gaz, we azod oksidi ýaly saglyga howply gazlaryň täsiri astynda galýarlar.

ABŞ-da täze öýlere gaz çekmegi bikanunlaşdyrmak isleýän şäherleriň sany artýar.

  • 670 gezek okalan