RAK KESELINI BEJERMEKDE "UMYT BERIJI" TERAPIÝA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

rak car tEksperimental rak terapiýasyny alanyndan 10 ýyl geçse-de, leýkemiýa pasiýenti Doug Olsonda rak keselinden nam-nyşan görünmeýär.

Olsonyň wakasy alymlaryň CAR-T öýjük terapiýasynyň güýjüne we onuň täsiriniň uzak wagt dowam etjegine bolan ynamyny artdyrdy. Adatça rak keselinden gutulýan az, emma CAR-T öýjük terapiýasy ragy bejermäge umyt berýär.

Genetiki taýdan immun öýjüklerini üýtgedip, çişi ýok edýän öýjüklere öwürýän terapiýa, indi on müňlerçe näsagy bejermekde ulanylýar.

"Indi CAR-T öýjükleri leýkemiýaly näsaglary hakykatdanam bejerýär diýen netijä gelip bileris" diýip, terapiýa baradaky täze barlag işiniň awtordaşy Karl June aýdýar.

Alymlar bu terapiýany beýleki rak kesellerini bejermekde ulanmaga umyt etseler-de, käbir kynçylyklar heniz hem çözülmän galýar.

  • 735 gezek okalan