GÜNORTA AFRIKANYŇ OBALARYNDA INSULTYŇ AGDYKLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Insult (beýnä gan inme)insult habary ýüze çykan halatynda, minutlar ölüm bilen ýaşaýşyň arasyndaky tapawudy aňladyp biler. Günorta Afrikanyň obalarynda ýaşaýjylaryň insultan diri galmak ähtimallygy juda az. Onuň sebäpleri:

↪ Näsaglaryň köpüsi insult geçirýänini bilmeýärler.

↪ Tiz kömek ulaglarynyň ýeterlik däldigi we köpleriň öz ulaglarynyň ýoklugy zerarly, keselhanalara barmak-da kynlaşýar.

↪ Ulagy barlar hem, ýakynynda insulty bejerip biljek hassahana tapmakda kynçylyk çekýärler. Çünki insulty bejerýän hünärmenler, anyklaýyş gurallary we bejergiler esasan uly şäherlerde bar.

↪ Näsaglar keselhana baransoňlar-da, bir gün nobata durmaly bolýarlar we gaýragoýulmasyz bejergini almak mümkinçiligini ýitirýärler.

↪ Bejergi alanlar bolsa, uzak möhletleýin reabilitasiýa hyzmatlaryny almakda kösenýärler.

Günorta Afrikada ulularyň arasyndaky ölümleriň üçünji sebäbi insultdyr. Ýurtda insult ölümçiliginiň iň azyndan ýarysynyň ilatyň bary-ýogy 20%-niň ýaşaýan obalarynda bolýandygyny bu meseläniň habarçysy Elsabé Brits (Global Health NOW we CUGH-yň Bütindünýä Aýdylmadyk Saglyk Hekaýalary bäsleşiginiň 2019-njy ýyldaky ýeňijisi) aýdýar.

Brits kiçi hassahanalarda "insult çempiony" strategiýasyny ýola goýmak, ýagny insulty has çalt anyklamak üçin bu ugurdan hünärmen bolmadyk lukmanlara okuw sapaklaryny bermek ýaly potensial çözgütleri maslahat berýär.

  • 663 gezek okalan