ÖLÜME TÄZEÇIL GARAÝYŞ

  • Lukman
1 1 1 1 1

olume tazecil garayysÖlmek prosesi global taýdan "geň hadysa" öwrüldi. Baý ýurtlarda ölýänler barada köplenç "artykmaç alada edilýär" – olar ýakynlaryndan aýralanyp, çekýän yzalary dereksiz uzaldylýar. Garyp ýurtlarda bolsa, adamlar palliatiw (ýeňillik beriji) idegiň elýetersizliginde, öňüni alyp bolýan sebäplerden ölýärler.

COVID-19-dan soň juda artan bu ýagdaý Lancet žurnalynyň Ölüm gymmaty baradaky komissiýasynyň uly göwrümli täze hasabatynyň özenidir. Bu komissiýa filosoflar, teologlar, saglyk we jemgyýetçilik işgärleri ýaly, ölümi öwrenýän ekspertleri öz içine alyp, olardan 21-nji asyrda ölüme çemeleşige baha bermegi we bu çemeleşik barada gaýtadan pikirlenmegi talap edýär.

Bu hasabatda ölüme bolan medeni garaýyşlary üýtgetmek bilen bir hatarda, idegçilere we jemgyýetlere iň gowy tejribeleriň ençemesi maslahat berilýär.

  • 723 gezek okalan