ÇAGANYŇ RAK KESELINDEN HALAS BOLMA ÄHTIMALLYGY NÄHILI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

caganyn rak keseliBu çaganyň nirede ýaşaýandygyna bagly.

Latyn Amerikada we Karib adalarynda rak keselleri 19 we ondan ýaş adamlaryň ölümçiliginiň ikinji sebäpkäri bolup durýar. Muny sebitiň pes we orta-girdejili ýurtlarynda bejerginiň ýetmezçiligi bilen düşündirip bolar. Bu ýerlerde rak keselliler wagtynda anyklaýyş barlaglaryndan geçmekde we ýerlikli bejergi almakda deňsizlige sezewar bolýarlar.

BSGG bu deňsizligiň Ýewropa ýurtlarynda hem giňden ýaýrap, käbir ýurtlarda çagalaryň rakdan ölme ähtimallygy 9% bolsa käbirinde 57%-digini belledi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda welin, rak keselli çagalaryň ölümçiligi has ýokary bolup galýar. Sebitde rakdan ölýän çagalaryň sanynyň iň ýokary ýurdy Türkmenistandyr.

Emma raga garşy göreşde global derejede ýetilen sepgitler az däl. Rak keselli çagalaryň 5 ýyllyk diri galma derejesi 1960-njy ýyllarda 30% bolan bolsa, indi 80% çykdy. Tehnologiýanyň, diagnostikanyň we bejergileriň ösmegi indi çaga raklarynyň 80% töwereginiň bejerip bolýandygyny aňladýar.

  • 719 gezek okalan