ÇÖZGÜT AÝAGYMYZYŇ AŞAGYNDA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yerasty suwlarDünýäde milliardlarça adama täsir edýän we global maýylganlyk sebäpli barha ýaramazlaşýan suw ýetmezçiligi meselesiniň çözgüdi edil aýagymyzyň aşagyndaky ýerasty suwlar bolup biler.

Ýerasty suwlara köplenç dogry düşünilmeýär we netijede olaryň gymmaty bilinmän, nädogry dolandyrylýar we hatda haraplanylýar. Häzirki wagtda dünýäniň şäherlerindäki ilatyň takmynan 50%-i ýerasy suw çeşmelerine bil baglaýar. Ýerasty suwlar oba ýerleriniň ýaşaýjylary üçin hem iň amatly agyz suw çeşmesi bolup durýar.

Şeýle-de bolsa, adamlar suwly gatlaklary hapalamagy, haraplamagy we bisarpa ulanmagy dowam edýärler.

↪ Suwuň sarp edilişiniň indiki 30 ýylyň içinde her ýyl ~1% artmagyna garaşylýar. Şol sanda klimatyň üýtgemegi we adamlaryň suwy bisarpa ulanmagy köller we rezerwuarlar ýaly ýerüsti suwlary azaldar.

↪ Hapalanan ýerasty suwlary arassalamak we olary hapalaýjylary anyklamak örän kyn.

↪ Ýerasty suwlary ýerliksiz sanitariýadan başga-da magdanlaryň gazylyp alynmagy we oba-hojalyk himikatlary hem hapalaýarlar.

Nähili çözgütler bar:

↪ Sanitariýanyň dolandyrylyşyny ösdürmek we agyz suwunyň hilini gowulandyrmak;

↪ Sanitariýa ulgamlaryna çemeleşilende BSGG-nyň gollanmasyna esaslanmak;

↪ Daşky gurşaw gulluklaryny, düzgünleri we olaryň berjaý edilişini güýçlendirmek; hökümetleri "resurs sakçysy" bolup hereket etmäge we resurslaryň ýerlikli ulanylmagyna we dolandyrylmagyna berk gözegçilik etmäge itermek.

Ilatyň suwyny, ýerasty suwlary nädip we nähili goramak barada Saglygyň okyjylara terjime edip ýetiren "Daşky gurşaw we adam saglygy" (6-nji bap) kitabynda giňişleýin düşündiriş berilýär.

  • 682 gezek okalan