UKRAINANADA JEMGYÝETÇILIK SAGLYGYNA ABANÝAN HOWP

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

ukrainanada saglyga howpRussiýanyň Ukraina çozmagy COVID-19-yň täze we has tiz ýaýraýan tolkunyna badalga berip biler. Häzirki wagtda Ukrainada ilatyň diňe 35% COVID-19 sanjymyny alan we uruş başlaly bäri 10 million adam öýüni terk etmäge mejbur boldy. Şeýlelikde adamlaryň diri galma ugrundaky aladalary pandemiýanyň protokolyndan öňe geçdi. Başga meseleler:

↪ AIW we gepatit C bilen ýaşaýan ukrainalylaryň aglabasynyň bejergilerinde bökdençlikler ýüze çykdy.

↪ Gyzamyk we poliomiýelit kesellerine garşy waksinasiýa peseldi.

↪ Içgeçme we pnewmoniýa hem-de inçekesel ýaly, respirator keselleriniň howpy arty.

Dünýä sapak: Ukrainaly bosgunlary goňşy döwletleri myhmansöýerlik bilen ýurtlaryna alýarlar, emma Afrikadan we Orta Gündogardan gelýän bosgunlardan yzygiderli ýüz dönderilýär. "Dünýäniň ençeme beýleki künjeklerinde hem millionlarça günäsiz adamlaryň başyna gelen sütem has kiçi ýa has ýeňil däl. Gaçybatalga gözlemäge we tapmaga bolan hukuk uniwersaldyr" diýip, BMG-nyň bosgunlar komissary Filippo Gandi ýatladýar.

  • 621 gezek okalan