BILL GEÝTSIŇ FONDY: GYZZYRMA KESELI BIZIŇ PIKIR EDIŞIMIZDEN HAS HOWPLUDYR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)
Çybynlar arkaly ýaýraýan gyzzyrma keseliň öňüni aýakçylardan goraýan toruň kömegi bilen almak aňsatdyr.

Bill we Melinda Geýtsleriň  haýyr-sahawat fondy arkaly  geçirilen barlaglaryň Britaniýanyň Lancet lukmançylyk žurnalynda çap edilen netijelerine görä, dünýäde gyzzarma zerarly ýogalýanlaryň sany Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) berýän maglumatyndan iki esse artykdyr.

Hünärmenleriň taýýarlan hasabatyna görä, çybynlar arkaly ýaýraýan gyzzyrma zerarly 2010-njy ýylda  1,24 million adam aradan çykdy. BSSG-niň resmi maglumatlarynda bolsa bu keselden 655 000 adamyň ýogalandygy barada habar berilýär. Mundan başga-da, BSGG öz hasabat maglumatlarynda  gyzzyrma keseliniň bütindünýä möçberinde pese düşýändigi belleýär.

Microsoft bileleşiginiň öňki başlygy tarapyndan esaslandyrylan fonduň buýurmasy boýunça gyzzyrma keseliniň 1980-nji we 2010-njy ýyllar aralygynda ýaýraýyş taryhynyň maglumatlar bazasy döredildi.

Matematiki modeller

Hünärmenler öň belli bolmadyk  maglumatlary  we dürli ýurtlardaky gyzzyrma zerarly bolýan umumy ölümçiligi göz öňünde tutup  hasaba almagyň täze kompýuter modellerini ulandylar.

Munuň netijesinde gyzzyrmadan ýogalanlaryň sany 1980-nji ýylda 995 müň bolup,  2004-nji ýylda olaryň sany 1,82 milliona ýetendigi, 2010-njy ýylda gyzzyrmadan ýogalanlaryň sany azalyp, 1,24 million bolandygy mälim boldy.

Hünärmenler 2004-nji ýylda bu keselden ýogalanlaryň şeýle köp bolmagyny gyzzyrmanyň ýaýran sebitlerinde ilat sanynyň artmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Halkara hemaýatkärleriniň goldamagy bilen, gyzzyrma garşy Afrikada ýaýbaňlandyrylan göreş 2004-nji ýylda ölümçiligiň pese düşürtmäge ýardam etdi.

Gyzzyrmadan ilki bilen ýaňy doglan çagalar ýogalýarlar. Afrikada bu görkeziji has ýokarydyr. Emma barlag geçirenleriň bellemegine görä, uly ýaşdaky çagalaryň hem, uly adamlaryň hem  gyzzyrma zerarly aradan çykmagy BSGG-niň berýän maglumatlarynda görkezilişinden has ýygy duş gelýär.

Gyzzyrma garşy durnuklylyk - hakykatmy ýa-da toslama?

2010-njy ýylda gyzzyrmadan ýogalan 5 ýaşdan ýokary çagalaryň we ulularyň sany 433 müňe ýetdi. Bu san hem resmi hasabatda berilýän maglumatlardan ýokarydyr.

Hindistanyň Tripura we Assam welaýatlarynyň aralygyndan "gyzzyrma" guşaklygy geçýär. Şol araçäkde her ýylda gyzzyrmadan müňe golaý adam aradan çykýar.

Barlaglara ýolbaşçylyk eden Sietl şäherindäki Waşington adyndaky uniwersitetiniň doktory Kristofer Mýurreý: "Lukmançylyk institutlarynda çagalykda gyzzyrma ýolugyp, ondan gutulanlaryň uly ýaşda bu kesele durnukly bolýandygyny öwredýärler" - diýip aýdýarlar. "Emma hassahanalaryň arhiwlerinden, ölüm barada ýazgylardan, barlaglaryň netijelerinden we beýleki çeşmelerden  biz munuň düýbünden beýle däldigini anykladyk" - diýip, doktor Mýurreý sözüni dowam edýär.

Barlagyň ýene-de bir wajyp netijesi: golaý wagtda Ýer togalagynda gyzzyrmany ýeňmek başartmaz.

Barlag toparynyň taýýarlan hasabatynda şeýle diýilýär: "Biziň çaklamalarymyza görä, keseliň pese düşmegi 2004-nji ýyldan bäri şu gidişine gitse, gyzzyrmadan ýogalýanlaryň sany diňe 2020-nji ýyldan soň bir ýylda 100 müňe çenli peseler".

Ýagşy umyt döredýän netijeler

Lancet žurnalyň redaktory Riçard Horton keseliň has giň ýaýran ýurtlarynda gyzzyrmanyň pidalary barada köp zatlary bilinmeýändigini BBC ýaýlymyna gürrüň berip, şeýle diýdi: "Häzirki wagtda gyzzyrmanyň bar bolan sebitlerinden  ygtybarly maglumatlar ýok. Şol sebäpli hem biziň hasabatlarymyzdaky sanlar biziň bahalandyrmalarymyza esaslanýar. Barlaglaryň netijesinde gyzzyrma keseli zerarly ýüze çykýan ölümçiligiň sanyny kesgitlemegiň täze usuly işlenilip düzüldi. Bu usul uly göwrümli täze maglumatlary we has gowulandyrylan matematiki modelleri utgaşdyrýandyr".

Hasabatda mysal getirilýän sanlaryň gynandyrýandygyna garamazdan, abraýly lukmançylyk neşiriň ýolbaşçysy onda gyzzyrma gözegçilik edip bolýandygy we bu işiň eýýäm amala aşyrylýandygy barada umyt döredýän habary hem görýär.

2004-nji ýyldan başlap her ýylda gyzzyrmadan ýogalýanlaryň sany azalýar. Bu AIDS, inçekesel we gyzzyrma garşy göreşmek boýunça  Bütindünýä fonduň öz işini ýaýbaňlandyryp başlan wagty bilen gabat geldi.

"On ýylyň içinde gyzzyrmaly näsaglaryň 230 milliony bejerildi we  keseliň döremegine töwekgel bolan etraplara  aýakçylara garşy torlaryň hem şonçasy paýlanyldy. Netije mese-mälim: biz ölümçiligiň peselendigini görýäris" - diýip, Lancet žurnalynyň redaktory BBC ýaýlymyna beren habarynda belleýär.

Ulanylan WEB Salgy

  • 2925 gezek okalan