AÝALLARYŇ SAGLYGYNA DEGIŞLI BARLAGLARY ÖSDÜRMEGIŇ WAGTY GELDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

ayal saglygyna degisliZenanlaryň saglygy ugrundaky ylmy barlaglaryň aglabasynyň aýallaryň reproduktiw döwrüne, aýratynam göwrelilige üns berýänligini, zenanlarda keseliň we ölümiň esasy sebäpleri barada az makalanyň barlygyny täze barlag ýüze çykardy.

Aýallaryň keseli nähili başdan geçirýändikleri bilen onuň diagnoza we bejergä edýän täsiriniň aratapawudynyň barha artýandygy bilinse-de, soňky on ýylda bu ugurdaky ylmy gözlegler has-da selçeňleşdi.

"Bikini lukmançylygy" zenanlaryň saglygy erkekleriňkiden diňe ‘aýal jynshanasy’ esasynda tapawutlanýar diýen ýalňyş düşünjeden gelip çykýar. Taryhda zenanlaryň saglygy babatdaky barlaglar aýallaryň diňe reproduktiw saglygyna gönükdirildi. Emma, ýokanç däl keseller köp ýurtlarda, esasanam pes we orta girdejili ýurtlarda aýallaryň ölüminiň we maýyplygynyň esasy sebäbidir. Ylmy barlaglarda we saglygy goraýyşda jynsa hem-de gendere degişli takyklanylmadyk pikirler aýallaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler, aýratynam aýallaryň saglyk meselesi hökmünde kabul edilmeýän ýagdaýlarda." – diýip, The George Institute for Global Health-yň tanymal ýazyjysy Laura Hallam aýdýar.

  • 704 gezek okalan