MILLIONLARÇA AÝAL ÖZ ISLEGI BILEN GÖWRELI BOLMAÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

oz islegi bilen gowrelilikGöwreliligiň ýarysyndan gowragy – takmynan 121 milliony meýilleşdirilmedik göwrelilikdir. BMG-nyň Ilat Gaznasynyň täze hasabatyna görä, bu mesele maşgalany meýilleşdirmegiň elýetersizliginden däl-de, toslamalar, biabraýlyk we nädogry maglumatlar zerarlydyr.

↪ 250 milliondan gowrak aýal göwreliligiň öňüni almak isleýänligine garamazdan täsirli kontrasepsiýa serişdesini ulanmaýar;

↪ Meýilleşdirilmedik göwreliligiň 60%-den gowragy abort etdirmek bilen gutarýar; abortlaryň 45%-i bolsa howply geçirilýär;

↪ Dünýäniň her ýerinde aýallar "kontrasepsiýa serişdeleri semredýär ýa-da önelgesizlige we rak keseline sebäp bolýar" diýen myş-myşlary eşidipdirler.

UNFPA-nyň ýerine ýetiriji müdiri Natalýa Kanem biabraýçylyk, gorky, garyplyk, gender deňsizligi we beýleki ençeme faktorlaryň zenanlaryň saýlamak mümkinçiligini peseldýändigini belläp, "dünýä aýallara we gyzlara reproduktiw ukyplaryndan başga näderejede ähmiýet berýär?" diýen howsalalandyryjy soragy orta atdy. "Bu zatlaryň täsirine duçar bolan aýallarda aýgytly reproduktiw karary bolan – göwreli bolmagy ýa-da bolmazlygy saýlamak mümkinçiligi asla ýok".

UNIСEF guramasyna görä, Türkmenistanda aýllaryň 50% kontrasepsiýa ulanmaýar. Her 8 aýaldan bir aýal kontrasepsiýa bolan islegini kanagatlandyryp bilmeýär.

Çözgüt: Hökümetler toslamalara garşy göreşmeli we aragatnaşygy, ylalaşygy, hormat goýmagy ösdürmek üçin hemmetaraplaýyn jynsy bilim/terbiýe bermeli.

  • 747 gezek okalan