ÝARAGLAR ÇAGALARYŇ WE ÝETGINJEKLERIŇ ÖLÜMINIŇ ESASY SEBÄPKÄRI BOLDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yaraglar we caga olumi2020-nji ýylda ABŞ-da ýarag ölümleri awtoulag heläkçiliklerinden geçip, çagalaryň we ýetginjekleriň ölümleriniň esasy sebäbine öwrülde we 2019-njy ýyla seredende 29% köpeldi.

2020-nji ýylda ABŞ-da 1-19 ýaş aralygyndaky 4300-den gowrak çagalaryň we ýetginjekleriň ýaraglar bilen bagly sebäplerden ýogalandygy Miçigan uniwersitetiniň alymlarynyň taýýarlan CDC maglumat seljermesinde bellenilýär. Ýaraglary öz içine alýan ölümlere suisid (janyňa kast etmek), adam öldürmek we tötänleýin ölümler hem girýär.

Beýleki netijeler:

↪ 1-19 ýaşlylaryň ýarag bilen bagly ölümçiligi suisid ölümlerinden has artdy.

↪ Takmynan 3900 çaga we ýetginjek awtoulag heläkçiliginde öldi.

↪ Neşe serişdelerinden zäherlenip ölýänler 83% ýokarlanyp, 1700-den gowraga ýetdi we çagalaryň we ýetginjekleriň ölümleriniň üçünji sebäbine öwrüldi.

  • 687 gezek okalan