HAÝWANLARYŇ GÖÇÜŞLIGI WIRUSLARA NÄHILI TÄSIR EDER?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

haywanlaryn gocusligiBütindünýä maýylganlygy haýwanlary göçüş etmäge we adatça bir ýerde ýaşamaýan haýwanlary biri-birine ýakynlaşmaga iterýär. Netijede haýwanlaryň arasynda wiruslaryň hem alyş-çalşygy bolup, olar adamlara çenli baryp ýetip bilerler. Nature žurnalynda çap edilen täze barlag 3,100 süýdemdirijiniň 4 dürli klimat üýtgemesinde edip biljek göçüşlerini öwrendi we wiruslaryň ýaýramasynyň artjakdygyny çaklady. Geljekki onýyllyklarda biz adatça gabatlaşmaýan ~300,000 janly-jandaryň ilkinji gezek duşuşmagyna garaşyp bileris – bu bolsa ~15,000 wirusyň özlerine nätanyş jandarlaryň organizmine düşmegine getirer.

"Klimatyň üýtgemegini haýallatmagyň birnäçe gowy sebäbi bar hem bolsa, wiruslaryň ýaýramasy eýýäm başlady we indi yza ýol ýok" diýip, görnükli žurnalist Ed Yong ýazýar. Şeýle-de bolsa, barlagyň netijeleri haýwanlaryň gelejekde nirede boljakdygyny çaklamak arkaly, pandemiýa gözegçiligini, meýilnamasyny, waksinalaryň we jemgyýetçilik saglyk ulgamlarynyň taýýarlygyny güýçlendirmäge kömek edip biler.

  • 828 gezek okalan