ULAG HELÄKÇILIKLERI ARTÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ulag helakcilikleriABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş gullugynyň (NHTSA) hasabatyna görä, geçen ýyl ABŞ-da ýol heläkçiliginden ýogalanlar 43,000 töweregi bolup, 2020-nji ýyldakydan 10.5% köpelipdir. Şeýle-de ABŞ-da ulagly geçilen ýollar 11.2% artyp, 325 milliard mile (523 mlrd km) ýetdi.

2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2021-nji ýylda artyş:

↪ Şäherlerdäki ýol heläkçilikleri 16% ýokarlanyp, 25.411-e ýetdi.

↪ Köp ulagly heläkçilikler 16% artdy.

↪ Pyýadalaryň ölümçiligi 13% ýokarlandy.

Sitata: ABŞ-nyň Transport sekretary Pete Buttigieg "Amerikanyň ýollary bilen bagly bilelikde çözülmeli krizis bilen ýüzbe-ýüz bolýarys". Buttigieg 5 ýylda ýol heläkçiligini we ölümçiligini azaltjak fiziki ösüşleri özünde jemleýän 6 milliard dollarlyk kanuny (Bipartisan Infrastructure Law) ýatlatdy.

Köçeleriň dizaýnyna gönükdirilen düzedişler: Şwesiýa ýaly ýurtlarda köçeleriň dizaýnyna girizilen ýönekeý üýtgeşmeler 27 ýylyň dowamynda ulag heläkçiligini 67% azaltmakta täsirli boldy. Üýtgeşmeler aýlawly ýollary, ýoly ikä bölýän päsgelçilikleri, gohly zolaklary we ş.m öz içine alýar.

  • 579 gezek okalan