MAÝMYN MAMA KESELI ÝAÝRAMAGYNY DOWAM EDÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

maymyn mama yayramagyMaýmyn mama keseliniň ýokuşma häsiýetini üýtgedip, Ýewropada we ABŞ-da birden köpelmegi örän aladalandyryjy. Adatça, bu kesel adamlara haýwanlardan ýokuşýar we Afrikanyň daşynda seýrek duş gelýär. Ýakynda bu kesele uçran näsaglaryň birnäçesi maýmyn mamasynyň endemik ýurtlaryna syýahat etmändirler we öňki kesellänler bilen baglanyşyklary ýok. Keseliň adamdan adama ýokuşýan bolmagy ahmal.

ABŞ-nyň mysalynda: ABŞ ýakynda Kanada gidip gelen Massaçusetsli adamda wirusyň barlygyny tassyklady we Kanadada-da keseliň bolup biljekligi çaklanylýar.

ABŞ-da ýüze çykan keseliň Beýik Britaniýada, Portugaliýada we Ispaniýada derňelip öwrenilýän onlarça maýmyn mama keseli bilen baglanyşyklydygy ýa-da däldigi entek belli däl.

Derňew: Anyklanylan hadysalaryň ençemesi erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekleriň arasyndan çykdy. Derňewçiler keseliň adaty bolmadyk ýagdaýlarda ýokuşýan (meselem, jynsy gatnaşyklar arkaly) görnüşleriniň ýüze çykandygyny ýa çykmandygyny derňeýärler.

BSGG-nyň işgäri Maria Van Kerkhove: "Gözleýän zadymyzy gözleýän ýerimizden tapýarys. Häzire çenli [maýmyn mamasy ýokuşanlar] jynsy saglyk merkezlerinden tapyldy, ýöne ähli saglyk işgärlerine gözegçiligi dowam etmek maslahat berilýär".

  • 764 gezek okalan