MAÝMYN MAMA KESELI: HADYSALAR WE SORAGLAR KÖPELÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

maymyn mama hadysalar"Maýmyn mamasy pandemiýa öwrüljege meňzemeýär, emma ol has köp ýurtlara ýaýradykça seresaplylygy we täze ylmy barlaglary ösdürmek wajyplaşar" diýip, BSGG-nyň eksperti belledi.

↪ Hadysalar Afrikanyň daşyndaky 23 ýurtda anyklanyldy we 320-ä ýetdi.

↪ Hadysalaryň aglabasy geýleriň, biseksuallaryň we erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekleriň arasyndan çykdy. Şonuň üçin, häzirki wagtda umumy ilata howp abanmaýar.

↪ Käbir ekspertler keseliň ilki bu toparyň içinden tapylmagynyň "tötänlik" bolan bolmagynyň ahmaldygyny belleýärler.

↪ Keseliň nähili ýokuşýandygyna düşünmek üçin has köp ylmy barlag geçirilmeli. Çünki onuň jynsy gatnaşyk arkaly geçýäni ýa-da diňe ýakyn aragatnaşyk üsti bilen geçýäni doly anyklanylmady.

Maýmyn mamasyna degişli başga habarlar:

↪ Şu ýyl Kongo Respublikasynda maýmyn mamasynyň 465 hadysasy hasaba alyndy we keselden 9 adam öldi. Nigeriýa hem ýakynda ýurtda ilkinji ölümi hasaba aldy. Maýmyn mamasy Günbatar we Merkezi Afrikada endemiýa hasaplanylýar.

↪ Maýmyn mamasynyň genomynyň SARS-CoV-2 koronawirusyndan 6 esse uludygy sebäpli ony öwrenmek kyn düşýär. Ylmy barlagçylary gyzyklandyrýan 4 sorag: Keseliň häzirki ýaýramasy nädip başlady? Häzirki ýaýrama wirusdaky genetiki üýtgeşme bilen baglanyşyklymy? Ýaýramalaryň öňüni alyp bolarmy? Häzirki wirusyň ýaýraýşy öňküleriňkiden tapawutlymy?

↪ Käbir ýurtlar eýýäm mama keseliniň waksinasyny satyn alyp başladylar. Bu waksina mama keseliniň doganoglany bolan maýmyn mamasyna garşy hem täsirli hasaplanylýar.

ABŞ-da eýýäm Massachusetts General Hospital hassahanasynda maýmyn mamasy bilen kesellän näsaga ideg edýän saglyk işgälerine mama waksinasy hödürlenildi.

  • 804 gezek okalan