HOWA, SUW, ÖLÜM

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

howa suw olumLancet Komissiýasynyň "Hapalanma we saglyk" synyna görä, her ýyl hapalanma 9 million adamyň ölümine, ýagny ölümleriň 6-dan 1-ine sebäp bolýar.

Içerlerdäki howa we suw hapalanmasy sebäpli ölenleriň sany 2015-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli azalsa-da, umumy howa hapalanmasyndan we zäherli himiki hapalanmalardan ölenleriň 7% ýokarlanmagy zerarly ölenleriň sany öňküligine galýar.

Netijeler:

↪ 2000-nji ýyldan bäri howa we zäherli himiki hapalanmalar sebäpli ölümler 66% ýokarlandy.

↪ Her ýyl howa hapalanmasyndan dünýä boýunça 6.5 milliondan gowrak adam ölýär.

↪ Hapalanmalar zerarly ölümleriň 90%-i pes we orta girdejili ýurtlarda bolup geçýär.

Sitata: Boston kollejiniň Global hapalanyşa gözegçilik gullugynyň müdiri Filip Landrigan: "Erbet habar – howa hapalanmasy bilen bagly ölümler azalmaýar. Biz aňsat zatlardan peýdamyzy görýäris we howa hapalanmasynyň we himiki hapalanmalaryň entegem artmagy ýaly, has çylşyrymly zatlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys".

  • 791 gezek okalan