ENE-ATALAR WE WAKSINASIÝA IŞGÄRLERI POLIOMIÝELIT WAKSINASYNY GALPLAŞDYRÝARLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

poliomiyelit galplasdyrmakPäkistanda poliomiýelite garşy waksinasiýa geçirýän işgärleriň "köpçülik bilen dildüwşüp", çagalarynyň bu waksinany almasyny islemeýän ene-atalara waksina alan ýaly hereket etmegi tabşyrýandyklaryny hökümet işgäri aýdýar. Bu waksinasiýa tagallalarynyň häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan iň uly kynçylyklaryndan biridir.

Waksinadan näme üçin ýüz öwürýärler? Köp maşgala waksina damjalarynyň zyýanly, hudaýa şek ýetirýän ýa-da musulmanlary sterilizasiýa etmek üçin ýaýradylan pirimdigini öňe sürýän konspirasiýa teoriýalaryna ynanýar.

Gapy-gapy aýlanyp waksina berýän we jemgyýet bilen ýakyn gatnaşygy bolan waksinasiýa işgärlerini ýerli ýaşaýjylar has ynamdar görýärler we olary waksina berendiklerini galplaşdyryp görkezmäge yryp bilerler.

Geçen aý: Päkistanda 2 sany poliowirus hadysasy ýüze çykyp, anyklanylmadyk ýüzlerçe hadysanyň bolup biljekdigi baradaky aladalanmalary artdyrdy.

  • 591 gezek okalan