HINDISTANDA ÖLÜM HOWPLY GYZGYNLYK WE OŇA GÖRÜLÝÄN ÇÄRELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

hindistan gyzgynlykMart we aprel Hindistanda soňky 122 ýylda hasaba alnan iň yssy aýlar boldy. Aprelde günorta-günbatar Hindistanda ortaça temperatura adatdakylardan 3 gradus galyp, 35.9 gradusdan geçdi. Päkistanda welin howanyň ýylylygy 50 gradusa ýetdi.

Netijede: Tokaýlarda we zir-zibil dökülýän ýerlerde ýangynlar döredi, ekinleriň hasyly 10-35% azaldy, talaplaryň artany sebäpli tok we suw gytaldy. Şeýle-de, irki hasabatlarda yssydan 90 adamyň ölendigi habar berildi, emma bu sanyň hakykatda has ýokary bolmagy çaklanylýar.

Netijeli çäreler: 120-den gowrak hindi şäherlerinde gyzgynlyga garşy netijeli çäreler ýola goýuldy:

↪ Ýylylyk barada öňünden duýduryjy ulgamlar;

↪ Saglygy goraýyş, zähmet, elektrik we bilim ýaly edaralaryň arasyndaky gatnaşygyň berkidilmegi;

↪ Saglyk ulgamynyň gyzgynlyk bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlara jogap berşiniň ösdürilmegi;

↪ Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yssy howada ýüze çykýan insult barada kampaniýalaryň geçirilmegi;

↪ Maýladyjy gaçybatalga merkezleri.

Sitata: "Ýylylyk tolkunlaryna heniz hem siller, tupanlar we ýer titremeleri ýaly beýleki betbagtçylyklaryň derejesinde üns we ähmiýet berilmeýär" diýip, gyzgynlyk saglygynyň eksperti Abhiyant Tiwari belleýär.

  • 594 gezek okalan