MAÝMYN MAMASY ÖŇRÄK ÝAÝRAP BAŞLAN BOLMALY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

maymyn mamasynyn yayramagyŞoňky geçirilen ylmy barlag maýmyn mamasynyň ýaýrap başlanyna has köp wagtyň bolandygyny orta atýar.

↪ Kesel 1 aýyň içinde wirusyň endemiýa däl 30 ýurduna ýaýrap, 1,103 adama ýokuşdy.

↪ Hadysalaryň aglabasy Birleşen Patyşalykda, Ispaniýada we Portugaliýada anyklanyldy.

ABŞ-da 21 hadysa hasaba alyndy.

↪ ABŞ-da hepdelik hadysalaryň 17-sinden 16-sy erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkeklerde anyklanyldy; olaryň 14-si ýakynda daşary ýurda syýahat edipdir.

Jemgyýetçilik saglygy goraýyş gulluklary jynsy azlyk toparlaryny ýazgarmazdan ilata keseliň töwekgelçilikleri barada habar bermäge synanyşýarlar. Çünki wirusyň geý jemgyýetleriniň daşynda hem ýaýrap duran bolmagy örän ähtimal.

Anyklanylmadyk hadysalar: Hadysalaryň käbiriniň alamatlarynyň juda ýeňildigini göz öňünde tutup, alymlar hadysalaryň köpüsiniň jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller bilen garyşdyrylandygyny çaklaýarlar. Belgiýanyň Leuven uniwersitetiniň wirusologiýa professory Mark Ranst: "Maýmyn mamasynyň ýarym asyr bäri Günbatar Afrikadan uzaklaşman we täze mutasiýalary geçirmän gelýändigi üçin, onuň birden birnäçe hepde mundan ozal Afrikadan daşary çykandygyna hiç kim ynanmaýan bolsa gerek".

  • 758 gezek okalan