BRITANIÝADA POLIOMIÝELIT WIRUSY TAPYLDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

britaniyada poliomiyelit wirusyBirleşen Patyşalykda 40 ýyldan soňra ilkinji gezek akdyrylýan hapa suwlardan poliomiýelit wirusy tapyldy we bu ýurt ähmiýetli waka diýlip yglan edildi.

Häzire çenli ýurtda wirus bilen kesellän ýa-da ysmaz bolan adam hasaba alynmady. Diňe wirusyň bir-birine ýakyn birnäçe görnüşi fewral we mart aralygynda ýygnalan akdyrylýan hapa suwlaryň nusgalarynda ýüze çykaryldy. BP wirusyň çeşmesini we ýaýbaňlygyny öwrenmek üçin akdyrylýan hapa suwlaryň gözegçiligini güýçlendirdi hem-de poliomiýelite garşy doly waksina almadyk ýaşaýjylara haýal etmän waksina almagy ündedi.

Çaklamalar:

↪ Tapylan wiruslaryň genetiki yzygiderliligindäki meňzeşlik ýaýramanyň waksina almadyk we ýakyn garyndaşlykdaky adamlardan çykandygyny salgy berip biler.

↪ Düzüminde janly wirusy saklaýan we BP-da ulanylmaýan damja görnüşli waksinany alan adamyň BP-a gelen bolmagy we täretiniň üsti bilen wirusy ýaýradan bolmagy mümkin.

BP-nyň ilatynyň aglabasy çagalykda polio waksinasyny alan we bu kesel olara howp salmaýar, emma pandemiýa dünýäniň köp künjeginde waksinasiýanyň geçiriliş tertibinde päsgelçilikler döretdi we polio hadysalarynyň artmagyna getirdi. Netijede 2019-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli dünýäde poliomiýelit hadysalary 3 esse artdy. Bu kesel ýokuşanlaryň 1%-i ysmaz bolýar.

  • 574 gezek okalan