TEBIGY DAÝHANÇYLYK BU IŞIŇ ZYÝANLARYNY KEMELDIP BILERMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

tebigy dayhancylykHindistanyň günbataryndaky Himaçal Pradeş welaýatynyň ýaşaýjysy, daýhan Babita Rana ençe ýyllap baş aýlanmadan, ýürek bulanmadan we gaýtarmadan ejir çekdi. Ahyrynda, lukmanlar onuň simptomlaryny daýhançylykda ulanylýan sintetik pestisidler, insektisidler we dökünler bilen baglanyşdyrdylar.

Gynansakda, Hindistanda pestisidlerden diňe Rana ejir çekmeýär:

↪ 2017-nji ýylda Maharaştra welaýatynda tötänleýin pestisid zäherlenmesinden 50+ daýhan öldi.

↪ Günbatar Bengal welaýatynda çaý meýdanlarynyň işgärlerinde deri we respirator keselleri

↪ Punjab welaýatynyň oba-hojalyk pudagynyň işgärlerinde rak keselleri köp duş gelýär.

Bütin dünýäde pestisid zäherlenmesi 2-5 million işgäre täsir edip, ýylda ~40,000 ölüme sebäp bolýar. Hindistandaky Pesticide Action Network guramasy ýurtda ulanylýan 110-dan köp howply pestisidleri anyklady. Hatda bu pestisidleriň käbirleri olary öndürýän ýurtlaryň özünde gadagan eken.

Bu meselä çäre tapmak maksady bilen, Rana ýaly hindi daýhanlarynyň ençemesi tebigy ekerançylyk usullaryny ulanyp başladylar – bular sygyr tezegi, mulça we ot-çöpler ýaly, tebigy serişdelerden elin taýýarlanylýan himikatsyz dökünleri öz içine alýar.

Tebigy dökünleri ulanyp başlanyndan soňra Rananyň maşgalasynyň hasyly hem, saglygy hem gowulaşdy. Häzirki wagtda hökümet programmalarynyň we daýhanlar toparlarynyň birnäçesi Rana ýaly daýhanlara tebigy usullary ornaşdyrmaga ýardam edýärler.

  • 632 gezek okalan