MAÝMYN MAMASY ENTEK GLOBAL GAÝRAGOÝULMASYZ ÝAGDAÝ DÄL, EMMA...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

maymyn mamasy global yagdayBSGG 25-nji iýunda maýmyn mamasyny "gaýragoýulmasyz" global saglyk ýagdaýy diýip yglan etmeýändigini aýtdy, ýöne ýurtlary ýaýramasyny dowam edýän bu kesele gözegçiligi güýçlendirmäge çagyrdy.

BSGG öňler diňe Afrika ýurtlarynda endemik bolan bu wirusyň dünýä ýaýrap barmagynyň "adaty däldigini" we has köp üns talap edýändigini aýdýar. Keseliň ýaýrawy artsa, onuň statusyna täzeden baha berler.

BSGG-nyň karary babatda käbir global saglyk ekspertleriniň pikirleri çapraz gelýär:

↪ John Hopkins Saglyk Howpsuzlyk Merkezinden Amesh Adalja bu çagyryş bilen razylaşdy we keseli köpleriň ýeňil geçirýänligini, ölenleriň ýoklugyny aýtdy.

↪ Yale uniwersitetiniň epidemiology Gregg Gonsalves karar bilen ylalaşmady: "Meniň pikirimçe, uly ýalňyşlyk goýberdiler. Olar meseläni başdan sowma etdiler".

↪ Global Health-iň aklawçysy Aleksandra Phelan beýle kararlar berlende etika we hukuk ekspertleri bilen hem geňeşilmelidigini belledi.

  • 603 gezek okalan