HINDISTANDA KONTRASEPSIÝANYŇ ÝÜKÜNI AÝALLAR ÇEKÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hindistandahindistanda kontrasepsiya wazektomiýa (göwreliligiň hemişelik öňüni almak üçin ujydyň sperma geçirýän turbajyklaryny kesýän ýa-da böwetleýän hirurgiki operasiýa) ujydyň işjeňligini peseldýär diýen toslamalar, jynsy gatnaşyk barada açyk gürleşmegiň utanç hasaplanmagy we "göwreliligiň öňüni almak aýallaryň işi" diýen ynançlar köplenç erkekleriň maşgalany meýilleşdirmäge gatnaşmagyna böwet bolýar we göwreliligiň öňüni almak jogapkärçiligi ýene aýallaryň üstüne düşýär.

Ýurtda täze geçirilen Milli Maşgala Saglygy sowalnamasynyň netijelerine görä, hindi erkekleriniň bary-ýogy 9.5% prezerwatiw ulanyp, olar prezerwatiwiň jynsy gatnaşygyň lezzetini azaldýandygyny aýdýarlar. Aýallaryň sterilizasiýasyndan has howpsuz we aňsat bolsa-da, erkekler juda seýrek sterilizasiýasy etdirýärler (diňe 0.3%).

Ýurtda aýallaryň sterilizasiýasy kontrasepsiýanyň iň giňden ýaýran görnüşi bolup, soňky 5 ýylda 36% -den 37.9% -e çenli artdy.

  • 646 gezek okalan