GYNAMALARA GARŞY GÖREŞ: STAMBUL PROTOKOLYNA GIRIZILEN ÜÝTGEŞMELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

stambul protokol uytgesmeler5-nji iyulda 51 ýurtdan 180 ekspertiň gatnaşmagynda 6 ýyllap taýýarlanylan BMG-nyň adam hukuklary baradaky möhüm resminamasynyň täzelenen görnüşi çap edildi.

173 döwlet Gynamalara we beýleki rehimsizliklere, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän çemeleşmelere we jezalandyrylmalara garşy konwensiýa gol çeken hem bolsa, bu tejribeler bütin dünýäde dowam edýär.

1999-njy ýyldan bäri Stambul Protokoly adam hukuklarynyň bozulmalaryny derňeýän we hasaba alýan standartlary we olara çäre görýän professionallar üçin görkezmeleri ýola goýdy.

Täze üýtgeşmeler şulary öz içine alýar:

↪ Gynamalaryň öňüni almak, jogapkärçilige çekmek we täsirli bejeriş çäreleri barada täze ýurisprudensiýa;

↪ Gynamalary we ýowuz çemeleşmeleri hasaba alýan saglyk we hukuk professionallary üçin täze gollanma;

↪ Döwletleriň Protokoly nähili durmuşa geçirip biljegi barada ädimme-ädim gollanma.

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Mişel Baçlet "Gynamalaryň pidalaryny hormatlap we ýatlap, geliň ählimiz tagallalarymyzy pidalara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak, reabilitasiýa we mundan beýläk [gynanamalaryň] gaýtalanmazlygyny üpjün etmek ýaly hukuklaryň gazanylmagyna bagyş edeliň" diýip, täze üýtgedilen resminamany tanyşdyrdy.

  • 598 gezek okalan