MAÝMYN MAMASY TÄZE ÝURTLARA ARALAŞÝARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

maymyn mamasy taze yurtlara aralasyarmyBSGG-nyň bellemegine görä, maýmyn mamasynyň dowamly ýaýramasy ejiz toparlara, şol sanda göwreli aýallara, immunoýetmezçiligi bolanlara we çagalara howp salyp biler.

Ýewropada çagalara maýmyn mamasynyň ýokuşmagy hasaba alyndy, emma olaryň hiç biri keseli agyr geçirmedi.

BSGG-nyň gaýragoýulmasyz ýagdaýlar komiteti "mümkin boldugyça gysga wagtda" bu wirusyň global jemgyýetçilik saglygynyň gaýragoýulmasyz hadysasydygyny ýa-da däldigini anyklamak üçin ýygnanyşar.

Komitetiň pikirini näme üýtgedip biler? Öňümizdäki hepdelerde keseliň ösüş depgininiň ýokarlanmagy, keseliň tenini satýanlaryň arasynda ýaýramagy, ölümçiligiň we hassahana düşýänleriň köpelmegi hem-de keseliň mutasiýa subutnamalary ýaly birnäçe faktorlar.

ABŞ-da barha artýan alada: Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi (CDC) 28 ştatda 306 hadysany hasaba alanyndan soňra, wirusa garşy çäre görmek üçin 28-nji iýunda Gaýragoýulmasyz iş alyp baryş merkezini (Emergency Operations Center) işjeňleşdirdi.

Geçen hepdäniň başynda, resmiler iýulda maýmyn mamasyna garşy Jynneos waksinasynyň 300,000 töweregi dozasyny ýaýratmak barada giňeldilen waksinasiýa strategiýasyny yglan etdiler.

  • 633 gezek okalan