ÝYLDA ÝARYM MILLION ÖLÜMIŇ ÖŇÜNI ALJAK ÝOL KARTASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yol kartasyÝönekeý howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek arkaly, ýol heläkçilikleriniň köpüsiniň öňüni alyp bolýar. The Lancet-de çap edilen ylmy barlaglara görä, sürüş tizligini peseltmek her ýyl dünýäde 540,000 adamyň ömrüni halas edip biler.

↪ 185 ýurtda tizligi peseltmek, serhoş we kaskasyz sürmegi çäklendirmek, howpsuzlyk kemerini dakynmak arkaly ýyllyk ~25% – 40%-e çenli ýol heläkçilikleriniň öňüni almak mümkin.

↪ Her ýyl ýol hadysalaryndan 1.4 milliona golaý adam ölýär, ~50 million adam bolsa şikeslenýär.

Bu ölümleriň 90% -den gowragy pes we orta girdejili ýurtlarda ýüze çykýar. "Pes girdejili ýurtlarda ýol heläkçiligi zerarly ölümçilik artsa, baý ýurtlarda ol soňky 10 ýylda peseldi" – diýip, ylmy barlaglara ýolbaşçylyk eden Jorj Waşington uniwersitetiniň Milken institutynyň jemgyýetçilik saglyk mekdebiniň professory Adnan Hyder aýdýar.

The Lancet-iň redaksiýasy şeýle belleýär: "Gynansakda, soňky 20 ýylda ençeme ýurtlarda kän bir üytgeşme bolmady. Dünýä Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmekden uzakda".

Çylşyrymly meseleler: Ýol heläkçiligini azaltmakda polisiýa we hukuk goraýjylardan başlap, şäher gurluşygy we inženerlere çenli köp pudaklar rol oýnaýar. Bu jogapkärçiligi çylşyrymlaşdyrýar we görülýän çäreleri agsadýar.

Emma, BMG Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçiriljek Ýol Howpsuzlygyny Gowulandyrmak boýunça ilkinji ýokary derejeli ýygnagynda muny üýtgetmäge synanyşar. Ýygnakda BMG-nyň agza döwletleri 2030-njy ýyla çenli ýol heläkçiliginden ölümçiligi we şikeslenmäni 50% kemeltmekde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýollaryny maslahatlaşarlar.

Maliýe serişdeleri zerur: Ýokary derejeli ýygnak bilen bir wagtda BMG-nyň Ýol howpsuzlygy gaznasynyň wada beriş maslahaty hem geçiriler. Bu Gazna 2018-nji ýylda pes we orta girdejili ýurtlarda ýollaryň howpsuzlygyny ösdürmäge maliýe kömegini bermek maksady bilen döredildi.

Ýöne, üstünlige ýol bar: Gazna eýýäm üstünlikli netijeleri görkezip başlady. Meselem, Azerbeýjanda heläkçilikden soňky adatdan daşary ýagdaýlara çäre görmek barada kanun girizildi; Braziliýada we Iordaniýada tizlik çäklendirmeleri we beýleki ýol hereketiniň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi berkleşdirildi; Kot-d'Iwuarda we Senegalda maglumat ýygnamak gowulandyryldy.

  • 577 gezek okalan