HINDISTANDA ÝYLYLYK TOLKUNLARY ENELERIŇ WE ÇAGALARYŇ SAGLYGYNA HOWP SALÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Temperaturanyň ýokarlanmagyhindistanda yylylyk howp salyar çagalaryň wagtyndan ir we öli dogulmagyna sebäp bolup biler. Emma, ekspertler ýylylygyň göwrelilige salýan howpy barada bilimiň azlygyny we onuň ejiz aýallara edýän täsirini öwrenmek üçin has köp ylmy gözlegleriň zerurdygyny aýdýarlar.

Hindistanda ýylylyk tolkunlary adaty ýagdaý hem bolsa, şu ýyl jöwzaly yssy adatdakysyndan has ir başlady we tomusdan öň rekord derejä ýetdi. Hindi Meteorologiýa Bölüminiň habaryna görä, demirgazyk-günbatar we merkezi Hindistanda Aprel aýy 122 ýyldan bäri iň yssy aý boldy.

"Adaty bolmadyk howa klimat üýtgände garaşylaýmaly zatlardan biri" diýip, Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň baş sekretary Petteri Taalas aýtdy.

Klimatyň üýtgemeginiň dünýäniň ençeme ýerinde aşa gyzgynlyny güýçlendirip, eneleriň we täze doglan çagalaryň saglygyna betbagtçylykly zyýan ýetirip biljekdigini ekspertler duýdurýarlar.

Ýylylyk tolkunlarynyň göwreli aýallara edýän täsirini öwrenen 70 ylmy barlagyň meta-derňewi temperaturanyň 1°C ýokarlanmagynyň hem çaganyň ir ýa-da öli dogulma howpuny 5% artdyrýanlygyny görkezdi. Awstraliýada geçirilen bir ylmy barlag ýylylyk tolkunlarynyň çaganyň ir dogulmagyny 46% ýokarlandyranlygyny görkezdi we göwrelilik döwründe ýylylyk tolkunyna sezewar bolmak bilen bäbegiň pes agramly dogulmagynyň arasynda baglanyşyk tapdy.

Ylmy gözlegleriň köpüsi ýokary girdejili ýurtlarda geçirildi. Emma, synlar pes we orta girdejili ýurtlarda göwreli aýallaryň has uly töwekgelçilik astynda bolup biljekligini belleýärler. Sebäbi maliýe ýagdaýy pes aýallaryň özlerini ýokary temperaturadan goramak mümkinçiligi hem pes bolýar we olar hatda göwreliligiň soňky günlerinde-de yssa çydap işlemegi dowam etmäge mejbur bolup bilerler.

Ýakynda çap edilen hasabata görä, Hindistanda 323 million adama howa sowadyjylar (kondisioner) elýeter däl. Ýöne onuň elýeter ýerlerinde-de, jöwzaly yssy döwründe elektrik toguna bolan islegiň artmagy bilen her gün 2-3 sagat tok kesilip bilýär.

Ýylylyk tolkunlary diňe göwredäki düwünçege howp salman, eýsem täze doglan çagalara-da howp abandyryp biler. Ahmedabadda 2010-njy ýylda ýylylyk tolkunynyň güýçli bolan günlerinde kondisionersiz hassahanada 42°C-dan ýokary galan her temperatura üçin neonatal reanimasiýa bölümine kabul edilýän çagalaryň sany 43% artypdyr.

  • 634 gezek okalan