ÇAGA ÝAŞDA ENE BOLMAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

caga yasda ene bolmakBMG-nyň Ilat Gaznasynyň täze hasabatyna görä, pes we orta girdejili ýurtlarda ýaşaýan aýallaryň üçden birine golaýy 19 ýa-da ondan kiçi ýaşlarynda çaga edip başlaýarlar.

Ýetginjek enelerden dogulýan ilkinji çagalaryň 50%-e golaýy 17 we ondan kiçi ýaşlylardan dogulýarlar.

 Bütin dünýäde önelgelik derejesi juda peselse-de, 2015-2019 ýyllarda ýygnalan hasabata görä, ýetginjeklikde çaga etmäge başlanlar 40 ýaşyna çenli ortaça 5 çaga dogrupdyrlar.

Bir gezek çaga dogran ýetginjegiň 2 ýylyň içinde ýene bir çaga dogurmak ähtimallygy bäşden bire deňdir. Dogrumlaryň arasynyň beýle ýygy bolmagy bolsa, fiziki we psihiki saglyga düşýän töwekgelçilikleri artdyrýar.

Kanun çykaryjylara maslahat berilýän çözgütler: jynsy terbiýe bilimine goldaw bermek, halypaçylyk, sosial goldaw we ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary.

Emma, düýpli jemgyýetçilik üýtgeşmesi esasy açardyr: uly möçberli ykdysady goldawlar, ýetginjekleriň, esasanam çetleşdirilen ýetginjek gyzlaryň hukuklaryny, başarnyklaryny we zerurlyklaryny ykrar etmek möhümdir.

  • 853 gezek okalan