GÜN ŞÖHLELERI GARAMYK KESELINE ÝOLUKMAK TÖWEKGELLIGINI PESELDÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)
Alymlaryň aýtmagyna görä, güneşli günleri köp bolan ýurtlarda garamyk bilen kesellemek töwekgelligi has pes bolýar.

Britaniýaly alymlar garamyk bilen zeperlenen derä ultramelewşe şöhleler täsir edende, keseliň ýaýramagynyň haýallaşýandygyny belleýärler.

London uniwersitetiniň barlag toparynyň  geçiren işleriniň netijeleri Virology žurnalynda çap edildi. Olar bu wirusyň ultramelewşe şöhleleri ýokary bolan sebitlerde has haýal ýaýraýr diýen netijä geldiler.

Şol bir wagtyň özünde beýleki hünärmenler keseliň ýaýramagyna täsir edýän yssy howa, howanyň çyglylygy we ýaşaýyş şertleri ýaly sebäplere ünsi çekýärler.

Garamygy döredýän wirus howa-damja ýoly bilen, şeýle hem garamyk bilen keselläniň endamyndaky bu kesele mahsus ýaralar arkaly  aňsatlyk bilen ýaýraýar.

"Möwsümleýin täsir"

Ultramelewşe şöhleleriniň beýleki wiruslaryň hem işjeňligini peseldýändigi öňden bellidir.

Barlag toparynyň agzasy Fil Raýsyň aýtmagyna görä, hut gün şöhleleriniň wirusa täsir etmegi sebäpli tropik howa şertli ýurtlarda bu kesel giňden ýaýramaýar we adamlar garamyk bilen  seýrek keselleýärler.

Bu açyş möwsümleýin täsiri hem düşündirip biler. Howasy sowuk ýurtlarda adamlar bu wirus bilen gyşda, günüň seýrek çykýan wagtynda keselleýärler.

Barlag geçirilende, hünärmenler garamygyň dünýäniň  dürli ýurtlarynda ýaýramagy, şol ýurtlaryň howa şertleri baradaky 25 ylmy işiň netijelerini deňeşdirdiler.

Kadany tassyklaýan kadadan çykma

Gün şöhlesiniň we garamygyň ýaýramagynyň seýrek duş gelmeginiň arasyndaky arabaglanyşyga Şri-Lankada syn etmek başartdy. Bu ýerde kesel iň yssy we güneşli döwürde ýaýrady. Hut şol wagt hem bu ýurtda ultramelewşe şöhleleriniň öňüni böwetleýän senagat galyndylarynyň köp mukdary atmosfera taşlanylypdyr.

"Öň ultramelewşe şöhlelerini hiç kim ähmiýetli hasaplamaýardy. Emma biz epidemiologik barlaglaryň  netijelerini öwrenenimizden soň, barlag geçirilen ýurtlaryň  geografik ýerleşişiniň arabaglanyşygyny ýüze çykardyk" – diýip, doktor Raýs belleýär.

Emma Raýsyň kärdeşleriniň käbirleri onuň gelen netijelerini ýeterlikli derejede delillendirilmedik diýip hasaplaýarlar we keseliň ýaýramagyna täsir edýän beýleki faktorlary belleýärler.

"Wirusyň howplulyk derejesine temperatura, çyglylyk we köp ilatlylyk ýaly sosial faktor täsir edip biler. Ultramelewşe şöhleleriniň keseliň ýaýramagyny haýalladýan bolmagy ähtimaldyr, ýöne bizde munuň aýdyň subutnamasy ýok" – diýip, Londonyň Uniwersitet kollejiniň professory Judi Broýer belleýär.

Ulanylan WEB Salgy

  • 3835 gezek okalan