NÄME ÜÇIN HINDISTANDA AÝALLAR JEMGYÝETÇILIK HAJATHANALARYNDAN GAÇA DURÝARLAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

hindistanda ayallar jemgyyetcilik hajathanaHindistanyň pes girdejili sebitlerinde jemgyýetçilik hajathanalarynyň arassaçylygy aýal-gyzlaryň köpüsini biynjalyk edýär. Köpler hajathanalary ulanmazlyk üçin az suwuklyk içýändiklerini we peşewlerini saklaýandyklaryny aýdýarlar.

Planlaşdyrylman gurlan ilatly ýerlerde esasy arassaçylyk infrastrukturasynyň ýoklugy zerarly aýallar köplenç yşyklandyrylmadyk, az suwly we hapa jemgyýetçilik hajathanalaryny ulanmaga mejbur bolýarlar.

Şeýle-de bolsa, jemgyýetçilik hajathanalary ösüşiň alamaty. Hindistanyň 2015-nji ýylda kabul eden "Arassa Hindistan" Missiýasynyň netijesinde 100 milliondan gowrak jemgyýetçilik hajathanalary guruldy. Şondan bäri daşarda täret edýänler ep-esli azaldy. Emma, standartlara laýyk gelmeýän hajathanalar hem kanalizasiýalaryň dykylmagy we howpsuzlyk gaýgylary ýaly ençeme meseleleri döretdi.

Çeşme

  • 682 gezek okalan